Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

15-05-23

2015-nji ýylda badalga alan TOPH taslamasy häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen wekiliýetiniň Päkistanda saparda bolýan günlerinde, has takygy, 15-16-njy maýda Yslamabatda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy barada gepleşikler geçiriler.

TOPH+TOP  taslamasy boýunça Owganystandaky howpsuzlyk we syýasy ýagdaýlar barada pikir alşylar. Käbir habar çeşmeleriniň belleýşi ýaly, bu elektroenergetika taslamasynyň howpsuzlyk ýagdaýy bilen bagly meseleler taslamanyň durmuşa geçirilmegine owgan tarapynyň gyzyklanmasynyň artmagy netijesinde çözülip bilner.

Mälim boluşy ýaly, şu ýylyň  10-njy maýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Kabulda «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşik geçirdiler. Onuň dowamynda Türkmenistandan Owganysantana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji maýda Kabulda Türkmenistan, Owganystan we Pakistan (TOP) elektroenergetika taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, üç ýurduň degişli wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda taraplar Türkmenistan — Owganystan — Pakistandan elektrik geçirijisiniň we «Nur-ul-Jahad» podstansiýanyň gurluşygy baradaky taslamalaryň çäginde hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de görkezilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin, iki ýurduň tehniki toparlarynyň işini utgaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdiler.

Göwher AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.