Gözel tebigatymyzy ýangyn howpundan goralyň!

11-05-23

Bagy-bossanlyk - tebigatyň ýaraşygy. Ozal hem bir dana kişi bagy-bossanlygyň goýnunda ýaşaýanlaryň kalplarynyň hem edil gözel tebigat ýaly owadandygyny aýdypdyr. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny berkitmek, mähriban Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň ýokary durmuş derejesi üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Ekoabadançylyga jogapkärçilikli çemeleşilmegi ozaly bilen, ynsanyň saglygyny we onuň ýaşaýşyny gowulandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwletimiziň syýasatynda hem ynsan baradaky alada ilkinji derejeli wezipe saýylýar. Ekoabadançylyk hem şu wezipäniň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda uly gurluşyklaryň ýaýbaňlandyrylýan döwründe ekologiýa abadançylygynyň talaplarynyň berk berjaý edilmegi, senagat kärhanalarynda önümleriň öndürilişinde ekologiýanyň kadalarynyň bozulmazlygy berk gözegçilikde saklanylýar. Täze gurulýan desgalaryň daş-töwereginde bag ekmek hem ajaýyp bir kada bolup, durmuşymyza ornaşýar.

Bahar paslynyň özboluşly görki bar. Ak güllere beslenen tebigatam, ynsanlaram özüne aşyk edip, Zemine söýgi getirýän bahar sahawatly türkmen topragyna kükräp gelýär. Şeýlelikde eziz Diýarymyzyň obalarydyr, şäherleri gök dona bürenip, bahar lybasyny egnine atynýar. Dal daragtlaryň pyntyklap, gül açmagy her bir adamyň göwnüni galkyndyrýar.

Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň döredilmegi göz öňünde tutulýan bagy-bossanlyga büremek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanlylaryň gatnaşýan bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny goramak, doly derejeli durmuşy hem-de dynç almagy üçin möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Ata Watanymyzda daragtlaryň we gülleriň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan köp sanly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek we olary köpeltmek hem-de ýaýratmak barada uly alada edilýär.

Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklarynyň howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeyle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter miweler bilen üpjün etmekde ähmiýeti örän uludyr.

Ylmy-tehniki ösüşiň pajarlaýan zamanasynda adamzadyň tebigata ýetiýän täsirleri çürk-kesik artdy hemem giň möçbere eýe boldy. Şu sebäpli adamlaryň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy ýiti suratda duýlyp başlandy.

Ýurdumyzyň tokaý seýilgählerinde, daglarynda, öri-sährä meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek hem şu günki gün esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu wezipeden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tokaý seýilgählerinde, daglarynda, öri-sährä meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýar.

Mähriban ildeşler! Tokaý seýilgählerde, daglarda, öri-sährä meýdanlarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözikdiriş gürrüňdeşlikleri geçirip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bilen üpçün edilen ýangyn germewleri otyrdylmaly. Ösüp oturan baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolok aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsyzlyk zologny döretmeli. Uly baglaryň şahalarnyň howa arkaly geçirilen elektrik geçirijilerine degýän ýerlerini ýangyn howpy döremezligi üçin şahalaryny kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsseçykaryjylaryny uçgyn söndirijiler bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýynyň elmydama gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly.

Işledilýän tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bolan keçe, pil, palta, çäge, suw, ýangyn söndirijiler bilen üpçün edip, bu enjamlary başga maksatlar üçin ulanmazdan abat ýagdaýda saklanmaly. Çäklerde çalgy ýaglary, ýeňil ýanyjy suwuklary siňen esgileri taşlap gitmek, guran haşal otlary ýakmak, doly söndürilmedik otluçöp, çilim galyndylaryny taşlap gitmek howplydyr. Ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlamalar görnükli edilip goýulmaly. Şeýle-de, çüýşe gaplaryny galdyrmak hem howplydyr, sebäbi günüň şöhlesiniň ugruny üýtgedip geçmegi bilen ýangyn döremegine getirer. Çäklerde kebşirleme işlerini geçirmäge rugsady bolan adamlar, bu işleriň geçiriljek ýerlerini ot-çöplerden arassalap, uçgunlar dumly-duşa ýaýramaz ýaly, töwerekleýin oda dözümli diwary gurup, el ujynda ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edip, işe girişmeli. Işler tamamlanandan soň, binäçe wagtlap gözegçilik edip, oduň tutaşmagyna sebäp bolup biljek uçgunlaryň galmandygyna göz ýetirilenden soň, işlenen ýerden gitmeli. Çäklerde guralýan wagtlaýyn göçme öýlerde elektrik geçirijileriň birikýän ýerlerinde döräp biljek uçgunyň öňüni alýan ýörite örtgiler ulanmaly. Wagon-öýleriň içinde emeli usulda ýasalan elektrik enjamlary ulanmak talabalaýyk däldir. Wagtlaýyn oturdylan gaz enjamlaryna birikdirilýän suwuklandyrylan gazly ballonlar wagon öýüniň daş ýüzünde, demirden gurnalan ýörite gutularyň içinde oturdylmaly.

Hormatly ildeşler! Biziň hemmämiz Watanmyzyň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň abat bolmagyna jogapkärdiris. Çünki, munuň özi, geljekde ýurdumyzyň ösümlik köpdürlüligini gorap saklamaga, ony ösüp gelýän nesillerimize miras galdyrmaga ýardam eder.

Gaýgysyz ORAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ulaglardaky polisiýa müdirliginiň Aşgabat aeroportyndaky ulaglardaky polisiýa bölüminiň ýangyn howpsuzlyk toparynyň ýangyn howpsuzlyk boýunça gözegçisi i/g kapitany.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.