Ganatly bedewler

23-04-25

Türkmen dünýä birnäçe gymmatlyklary beren halkdyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de biziň ahalteke bedewlerimizdir. Ýyndamlygy we owadanlygy bilen älemi haýran eden meşhur behişdi bedewlerimiziň taryhyna ser salsaň, onuň şöhratly taryhynyň bardygyna göz ýetirip guwanýarsyň. Arap, Absent, Meleguş, Suşnäk, Gadam, Boýnaw, Eýeberdi Teleke, Ýel, Akbilek, Begnazardor ýaly ajaýyp ýelden ýyndam bedewlerimiz dünýä atçylygynyň taryhynda hem müdimilik orun alan ajaýyp ahalteke bedewleridir. 

Berkarar döwletimizde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzy uly ösüşlere eýe edýän hormatly Prezidentimiz hem türkmeniň uçar ganaty, gardaşy we syrdaşy bolup gelen bedewlerimizi diýseň eý görýär. Saglygyň sakasy bolan sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, şol sanda atçylyk sportunda hem ýaşlarymyza nusgalyk görelde görkezip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň mähri siňen ahalteke bedewlerini jany-teni bilen söýýän Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli aladalary, taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda atçylyk pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykdy. Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda we gözel paýtagtymyz, ak mermer şäherimiz Aşgabatda täze atçylyk sport toplumlary, aýlawlar guruldy. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde myhmanlary alyslardan çagyryp, bereketli saçagyny giňden ýazyp, Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan tutýan ýurdumyzda baýramçylyk mynasybetli “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahaty, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi, amaly-haşam sungatynyň sergileri, sungat ussatlarynyň çykyşlary gurnalýar. Bu bolsa halkymyzyň söýüp-söýgüleýän ahalteke bedewleriniň şanyna tutýan uly toýunyň-baýramynyň dabarasyny dünýä ýaýýar.

Arkadagly Garyman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýmakda döwlet derejesinde işler alnyp barylýar. Hormatly Prezindentimiziň belleýşi ýaly, behişdi bedewlerimiz ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz, göz guwanjymyz, türkmen ojagynyň ýaraşygy we tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi. Häzirki döwürde tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Sebäbi behişdi bedewlerimiz ösüşleriň belent sepgitlerine barýan Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr.

Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedewler köp asyrlardan bäri milletimiziň örän gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Türkmen halky bedew at bilen bagly nakyllarynda, atalar sözlerinde öz milli parasadyny bütin aýdyňlygy, beýikligi bilen orta çykarypdyr. Garyman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda hem behişdir bedewlerimiz hakda aýdylan nakyldyr atalar sözleri orun alandyr: “At basyşyndan, är bakyşyndan”, “At – myrat”, “Atym bar – ganatym bar”, “Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “At – ganat, düýe – döwlet”, “Är ganaty – at”. Bedew at bilen bagly şeýle nakyllaryň her birinde ullakan many bar. Olarda behişdi bedew bilen baglanşyklylykda türkmen dünýäsi açylýar. Bedew at barada atalar sözleriniň, at bilen baglanşykly nakyllaryň köp bolmagy türkmen halkynyň atşynaslygy sungat derejesinde belende göterendigini görkezýär. Bedew at türkmeniň uçar ganaty bolupdyr. Alys ýerleri ýakyn edipdir.

Milli Liderimiziň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” , “Gadamy batly bedew” , “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eseleri milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelişi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetirdi.

Arkadagly Garyman Serdarymyzyň pähim-parasady netijesinde türkmen halky öz behişdi bedewi bilen bagtynyň ozandygyny, bagtyýarlyk döwründe ykbalynyň göterilendigini görkezýär. Türkmen halkynyň baý taryhynyň hem-de mirasynyň giňden öwrenilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzyň buýsanjy hem-de gymmatly baýlygy bolan ajaýyp bedewlerimiziň ösdürilip ýetişdirilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Züleýha MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.