Berkarar döwletiň bilim özgertmeleri

04-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň netijesinde Bitarap Watanymyzyň bilim ulgamy ösüşleriň ýoly bilen öňe ilerleýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär.

Her bir ýurduň ösüşi ilkinji nobatda ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda sanly ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş nesle ylym-bilim bermekde dünýä tejribesine daýanmak bilen ony milli ýörelgelerimiz bilen utgaşykly alyp barmak babatda möhüm başlangyçlar öňe sürülýär.

Ylmyň we bilimiň has-da ösen häzirki döwründe tehnologiýalara, kompýuter enjamlaryna, elektron programmalaryna giň ýol açylýar. Şonuň üçin sanly ulgam dürli pudaklarda işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, ylmyň iň täze gazananlaryny hem durmuşa ornaşdyrmak bolup durýar. Şonuň üçin, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi birnäçe amatlyklary döredýär. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessin çykmak we sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk (onlaýn) ulgamda hödürlenmegi olaryň elýeterliligini ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda netijelidir hem-de ähmiýetlidir.

Sanlylaşdyrmak ösüş we bäsdeşlik babatda täze artykmaçlyklary gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda täze innowasion tehnologiýalar, şol sanda, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçildi. Elektron senagat döredilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmek, Watanymyzyň alys künjeklerinde internet mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti giňden ornaşdyrylýar.

Sanly bilimi ösdürmekde ilkinji nobatda ýaşlaryň häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak möhüm şert bolup durýar. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim bermekde bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy zerurdyr. Arkadagly Serdarymyzyň ösen innowasiýa babatyndaky öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ornaşdyrmaga gönükdirilen ýörelgelerine esaslanyp Garaşsyz Diýarymyzda kämil hem-de hil taýdan ösen ykdysady ösüş gazanylýar, netijeli sepgitlere eýe bolunýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek dürli tehnologiki we ylmy täzelikleriň üstünde işlemegi we döretmegi, bilim ojaklaryna innowasion tehnologiýalary çalt depginde ornaşdyrylmagyny hem-de olaryň maglumat binýadynyň berkidilmegini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamynda öňe sürýän oňyn özgertmeleri we başlangyçlary bolsa bu ulgamyň mümkinçilikleriniň çägini barha artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Sonagül DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.