Saglyk - baş baýlyk

19-12-25

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini gowulandyrmak, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky döwlet syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanda raýatlara dürli kesellere garşy döwlet tarapyndan tölegsiz berilýän derman serişdeleriň ýokary hilli bolmagy hem-de öz wagtynda üpjün edilmegi berk gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzda öndürilýän derman serişdeleriniň, sanjym we beýleki saglygy goraýyş maksatly önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça hem zerur çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistan dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkeýär. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak,amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny öňe sürmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýöriteleşdirlen, düzümleri, şol sanda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwlet derejesinde ileri tutulýar we ilat arasynda giň goldaw tapýar. Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işjeň agzasy hökmünde ýurdumyzda we bütin dünýäde  adamlaryň saglygyny goramak, olaryň saglygyna we ömrüne howp salýan dürli nogsanlyklary aradan aýyrmak, ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda  nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýar.

Milli saglygy goraýyş ulgamyny  standartizasiýalaşdyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline, bejeriş-öňüni alyş merkezleriniň bejeriş-anyklaýyş mümkinçiligine baha bermek maksady bilen, kadalaşdyryjy resminamalar, şeýle-de hassahanalaryň derejesine laýyklykda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýeke-täk klassifikasiýasy işlenilip düzülýär. Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça keselleri anyklamagyň we bejermegiň beýanlary taýarlanýar.

Halkyň abadan durmuşda ýaşamagy ýurduň egsilmez baýlygy hasaplanýar. Şol sebäpden her bir ynsanyň öňünde goýýan esasy maksady öz saglygyny berkitmekden ybarat bolup durýandyr. Bilşimiz ýaly, biz halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, onuň gadyryny bilmek babatda asylly ýörelgeleriň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşaýarys. Mähriban Diýarymyzda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny goramak maksady bilen gurulýan binalardyr desgalaryň üsti ýetirilip durulýar. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi, olarda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň döremeginiň öňüni almaga ýardam berýär. Munuň özi ýurdumyzda halk we onuň abadan hem sagdyn durmuşy barada edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.

Paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary şol esasy çäreleriň biri boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde hem iri desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary şäherinde bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi. Täze desgalaryň açylmagy Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ilatyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, dürli gelip çykyşly keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir.

Ýurdumyzyň ähli künjeginde daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy hem-de ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilen, türkmenistanlylar halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik aldylar. Bularyň ählisi kesellemegiň derejesiniň peselmegi, netijede, ilatyň ortaça ömür dowamlylygynyň artmagy ýaly kesgitleýji görkezijilerde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak baş wezipedir. Bu wezipe halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini, dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy ýörelgelerini sazlaşykly utgaşdyrýan saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasyny yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryna eýerilip, bu möhüm durmuş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar.

Berkarar döwletimizde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň saglygyny goramak, sporty ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi, raýatlarymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Aýnabat ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç çaga keselleri kafedrasynyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.