ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMYNYŇ BUÝSANDYRYJY ÖSÜŞLERI
05-02-22
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny ynamly berkidýär. Eşretli eýýamda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan wajyp ösüşler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň alyp barýan il-ýurt ähmiýetli tutumly işleriniň netijesinde taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde ýurdumyzyň ykdysady ugurlarynyň ählisinde bolşy ýaly, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem uly ösüşler, beýik sepgitler aýdyň duýulýar. Şöhratly taryhynyň dowamynda Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistan döwletimiz bu günki gün ulaglar ulgamynda uly ösüşleri gazanyp, üstaşyr geçelgeleri arkaly yklymlary birleşdirýär.
Şu ýylyň 3-nji fewralynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan ulag-kommunikasiýa ulgamyna degişli pudaklaryň sazlaşykly hem-de netijeli işini üpjün etmek boýunça mundan beýläk hem edilmeli işlere aýratyn üns berdi. Mejlisde berlen hasabatlara görä, toplum boýunça hasabat döwründe önümleri öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnama 104 göterim ýerine ýetirildi. Degişli döwrüň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 118,5 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 120,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 104,8 göterime barabar boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça meýilnama 108,2 göterim berjaý edildi. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça hem degişli işler geçirildi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek, sebit we yklymara ýollaryny ösdürmek boýunça döwlet derejesindäki başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan taslamalaryň, kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdi ugrunda häzirki zaman meýillerini nazara almak bilen, sazlaşykly işleri alyp barmak ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýär Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar raýatlarymyzyň mynasyp eşretli durmuşy üçin alyp barýan şeýle bimöçber aladalary üçin sag bolsun aýdýarys.
“Halkyň Arkadagly zamanasynda” hormatly Prezidentimiziň bagtyýar raýatlarymyzyň mynasyp eşretli durmuşy üçin alyp barýan atalyk aladalary bizi guwandyrýar hem buýsandyrýar. Şeýle eşretli zamanany peşgeş berendigi üçin milli Liderimize minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Dünýä ýüzündäki abraýymyzyň has-da ýokary göterilmeginde bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy has hem belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Rüstem RAHMANKULOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Döwletli etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.