YLYM ULGAMYNDA DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER
07-10-25
Şöhratly taryhynda ylym, binagärlik, medeniýet babatda meşhurlyk gazanan türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da guwandyryjy ösüşleri bilen dünýäni haýrana goýýar. Bu buýsançly hakykat, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ýokary göterilip, ylym-bilimiň barha rowaçlanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň has-da gowulanyp, medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanmagyň ýolunda aýgytly we ynamly ädimleri ädýändigine doly şaýatlyk edýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň gadymy şöhratyny, bu günki ýeten belent derejelerini äleme ýaýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän, türkmeniň milli ruhunda we Garaşsyzlygyň hem-de hemişelik Bitaraplygyň taglymatlarynda terbiýelenýän, kämil hünärli, arassa ahlakly, halkyna, Watanyna wepaly ýaş hünärmenleri taýýarlamak üçin maksatnamalaýyn döwrebap işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.
Ylmyň dürli ugurlarynyň döwrebap özleşdirilmegi bu ugurdaky belent sepgitleri şertlendirýär. Şonuň üçin Arkadagly Serdarymyz täze tehnologiýalary döretmekde, önümçilige ornaşdyrmakda hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ylymda, bilimde, sportda öňdebaryjy ösüşi gazanmagyň esasy hereketlendiriji güýjüni ýurdumyzyň her bir raýatynyň bilim derejesinde jemleýär. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäriniň gerekli maglumatlary alyp, peýdalanyp bilmegi üçin internet ulgamynyň giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Zehinli, ukyply ýaşlar tejribeli alym-professorlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ýokary okuw mekdeplerinde giň şertler döredilýär, ýaş alymlar höweslendirilýär. Professorlaryň, alymlaryň, ylmy işgärleriň öz ugurlaryndan has-da kämilleşmekleri, önjeýli işlemekleri üçin daşary ýurtlaryň ylmy edaralary bilen onlaýn arkaly söhbetdeşlikler guralýar.
Öz işine jany-teni bilen berlen hünärmenleriň özleri üçin döredilýän döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp çekýän halal, päk zähmeti halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady binýadyny berkitmäge ýardam berýär. Munuň özi ynsany durmuşa höweslendirýär, ruhuny baýlaşdyrýar. Eziz Watanymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylmy we medeni özgertmeler halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda taraşlan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, ylmy mümkinçiliklerini hasda kämilleşdirip, dünýä ýaýýar. Olar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň hataryny artdyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täze sapaklaryň, ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, okatmagyň interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurduň ählumumy ykdysady ösüşleri döwletiň kuwwatlylygyny, halkyň ýaşaýyşdurmuş derejesiniň ýokarylygyny kesgitleýär. Ýurdumyzy ösüşleriň şa ýolundan ynamly öňe alyp gitmekde, ozaly bilen, ykdysady ugurlarda öňe sürlen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň” diýen pähim häzirki döwrümizde hasda uly ähmiýete eýedir. Pederlerimiziň paýhas eleginden geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten bu parasatly aýtgy Ýer ýüzünde tutuş adamzat tarapyndan ykrar edilendir. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlarynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işleriň amala aşyrylmagy halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr, Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp, has-da gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Orazjemal BALAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, dosent, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.