Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň innowasion ugry

04-11-25

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen berkarar Watanymyzda ýetilýän belent sepgitlere we gazanylýan uly üstünliklere tüýs ýürekden buýsanýarys. Munuň özi röwşen geljegimiziň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere bolan buýsanjymyzdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan uly işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýet düşünjesi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Esasy zat ýurdumyzda häzirki wagtda ösen tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň özi bu ugruň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda, Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly toruny döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, milli sanly toruny döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly toruny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistan häzir ykdysady taýdan durnukly ösýär we maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün edýär.

Ösüşli ýollaryň şaýatlyk etmegine görä, halkyň we ýurduň ösüşi ylym bilen berk baglanyşyklydyr. Maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginde, döwrebap ulgamy ösdürmekde hem ylym-bilimiň aýratyn orny bardyr. Hut şonuň üçin hem ylym-bilimli hünärmenler sanly ulgamyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Ösen, kuwwatly döwletde kämil hünärmenlere giň mümkinçilikler bar, olar täzeçe garaýyşlar bilen döwrebap tehnologiýalara erk edýärler. Bu bolsa ösen sanly ulgamy üpjün edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan  «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga hem-de geljegiň sanly senagatyny döretmäge gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwür sanly ulgamyň, maglumat kommunikasiýalaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda barha giň gerim alýan kämil döwri bolup, şoňa görä-de, ykdysady ösüşi yzygiderli ýola goýmak, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak sanly tehnologiýalaryň ähli pudaga doly ornaşdyrylmagy bilen baglydyr. Häzirki döwürde milli ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen halk hojalygyny dolandyrmagyň hili we netijeliligi ýokarlandyrylýar, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Bu bolsa elektron senagaty ösdürmek, sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalar arkaly elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňetmek wezipelerini ileri tutýar. Bu hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegini, milli IT-hünärmenleriň bilim derejesiniň kämilleşdirilmegini talap edýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge uly üns berilmegi netijesinde ýaşlaryň dünýäniň abraýly okuw mekdeplerinde okamaklary üçin şertleri döredilýär, ýurdumyzda bilim berlişiniň hili halkara derejesine çykýar. Milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan adamlar edip kemala getirmekde öňde uly wezipeler durýar. 

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, döwletimiziň syýasy, ykdysady we ruhy taýdan berk binýady döredilip, berkarar Watanymyz kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýokary tehnologiýalara we kämil bilime esaslanýan ösüşiň özi döwrebaplykdyr. Ol halkymyzy röwşen geljege ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň aýdyň beýanydyr. Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gurbanguly GAROWOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.