Ata Watanymyz bagy-bossanlyga beslenýär

15-03-24

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden Karary esasynda, 16-njy martda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şeýle-de «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän çärede saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň müňlerçe düýbi ekiler. Döwlet Baştutanymyz: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär.

Türkmen topragy ýylyň islendik paslynda gaýtalanmajak, özboluşly gözellikleri bilen adamlary özüne maýyl edýär. Ajaýyp tebigatymyzy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda wasp edýärler. Tebigatymyzyň her paslyna mahsus aýratynlyklaryny, gözelliklerini synlan adamyň durmuşa bolan söýgüsi, buýsanjy has-da möwç urýar. Onsoň daşymyzy gurşap alan tebigy gözelligi aýawly saklamak, ony öňküdenem baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek babatda her birimiziň öňümizde durýan raýatlyk borjumyz dogrusynda biygtyýar oýlanýarsyň. Eýsem-de bolsa, biziň her birimiz bag oturtsak, durmuş kitabynda adymyz müdimilik ýadygär galar.

Baglar daş-töwerege gözellik paýlaýar, saýa salýar, howamyzy tämizleýär. «Bagym bar, barym bar» diýen pederlerimiz tebigat bilen ysnyşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyrlar. Şol asylly ýörelgeler tebigata, ene topraga bolan egsilmez söýginiň nyşanydyr. Ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri biziň günlerimizde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Şäherlerimizi, şäherçelerimizi, obalarymyzy gür baglyga büremek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine uly orun degişlidir. Bag ekmäge ulularam, kiçilerem işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda baglaryň hatary gitdigiçe artýar, tokaý zolaklary peýda bolýar.

Baglar — ýaşaýşyň ýaraşygy, bezegi. Ýol ugurlarynda ýaşyl öwsüp oturan tokaý zolaklaryny görüp, ynsanyň yhlasy bilen gözelleşýän tebigatymyza bolan söýgiň artýar. Baglaryň oturdylyp, idegi ýetirilip, boý almagy bilen tebigatymyz has-da gözelleşýär. Şeýle hem baglar howanyň arassalanmagyna aýratyn täsir edýär. Miweli baglaryň hasyl bermegi bilen bolsa halkymyz ter önümler bilen üpjün edilýär. Tokaý zolaklarynyň döredilmegi biodürliligi gorap saklamakda, çägäniň süýşmeginiň öňüni almakda, ýeliň güýjüni peseltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Mundan başga-da agaçlardan ýerlikli peýdalanylyp, dürli serişdeler ýasalýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen her ýylda ýazky we güýzki möwsümde bag ekmek dabarasy geçirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň hem 16-njy martynda ýurdumyzda bag ekmek dabarasyna badalga beriler. Oňa ildeşlerimiz uly ruhubelentlik we işjeňlik bilen gatnaşarlar. Şu ýyl Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde paýtagtymyzda medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Bu ýerde ençeme gezek ählihalk bag ekmek dabarasynda agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde beýik nusgawy şahyryň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan işleriň gidişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiziň çuňňur pähim-paýhasa, filosofiýa ýugrulan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygry hem ilkinji gezek şu medeni-seýilgähde okaldy.

Halkymyzda «Ýagşydan at galar» diýilişi ýaly, bag ekmek sogap iş hasap edilýär. Ata-babalarymyz: «Adam bag — zähmet bagban», «Bag-bakja — howlyň lybasy», «Bir nahal ekseň ýaşyň bakydyr», «Bagym bar — barym bar» ýaly nakyllary bize miras galdyrypdyrlar. Bag ekmek tebigatyň baýlaşmagyna goşant etmekdir. Tebigatyň özgermegi ynsanyň ruhunyň özgermegine sebäp bolýar. Gözel Watanymyzy has-da gözelleşdirmek üçin bag oturtmak işini elmydama dowam etdirmelidiris.

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem hormatly Prezidentimiziň ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, bu ekologik çärä giňden taýýarlyk görüldi. Birigün geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna bagtyýar raýatlarymyz ruhubelentlik bilen gatnaşarlar. Halkymyzyň agzybirligi bilen saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň müňlerçesi ekiler. Munuň özi daş-töweregimizi bagy-bossanlyga büremek baradaky asylly maksadyň rowaçlanýandygyny, ilatly ýerlerde gök zolaklary döretmegi göz öňünde tutýan uzak möhletleýin maksatnamalaryň uly üstünliklere eýe bolýandygyny ýene bir ýola aýdyň subut eder.

Biz mundan buýana hem Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen tebigatyny gözelleşdirmek we baýlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşarys.

Ogulsadap DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.