Sagdyn ýörelge — sagdyn durmuş
01-10-25
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda yglan edilen sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmek üçin amala aşyrmaly meýilnamanyň esasy maksady ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň kömegi bilen halkyň saglygyny berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreşmek, ösüp gelýän nesliň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek, türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny döretmek ýaly wajyp meselelerden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň ykrar eden sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzda çuňňur ornaşýar. Bu işde bagtyýar raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän mertebesi belent ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek işleri ösüşiň täze basgançaklaryna çykarylýar. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzda gurlan we gurulýan sport mekdepleri, toplumlary, dynç alyş, sagaldyş merkezleri, şeýle-de beýleki desgalar bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bezegine öwrülýär.
Sagdyn durmuş, sagdyn ýaşamak şahsyýete öz mümkinçiliklerini, ylym, medeniýet, bilim, sport ulgamlarynda we durmuşyň ähli ugurlarynda döredijilik ukyplaryny ýokary derejede we hemmetaraplaýyn açmaga şert döredýän berk binýatdyr. Durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýän, hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zaman döwlet geljege ynam bilen garaýan, sagdyn adamlaryň döwletidir.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Mähriban Diýarymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýa saglyk gününi halkara bileleşigi bilen ählihalk baýramçylygy hökmünde giňden belläp geçmeklik hem döwrebap däpleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň gymmatly baýlygy onuň raýatlarynyň saglygydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy bolan ata Watanymyzda bedenterbiýä we köpçülikleýin sport hereketlerine giň gerim berilmegi ýaş nesli diýseň guwandyrýar. Ýurdumyzda gurlan döwrebap stadionlardyr sport toplumlarynda türgenleşmäge we uly üstünliklere ýetmäge ähli şertler döredildi. Bu zatlar höwesli çagalara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri açýar. Aşgabat şäheriniň gözelligine gözellik goşýan Olimpiýa şäherçesinde sportuň ähli görnüşi bilen baglanyşykly desgalaryň ençemesi jemlenendir.
Ýurdumyzda sportuň möhüm terbiýeçilik ähmiýeti hem uludyr. Çünki sport watansöýüjiligiň, edermenligiň mekdebidir. Dürli ýaşdaky raýatlarymyza sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen. Ýaş türgenlerimiz diňe bir Türkmenistan döwletimiziň çäginde däl, eýsem, dünýä derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlar edýärler.
Bagtyýar halkymyzyň, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn ruhda terbiýelenmegi, sport bilen meşgullanmagy, saglygyny dikeltmegi ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmagtym GULGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ortopedik we hirurgik stomatologiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.
BELENT SEPGITLERIŇ BEÝANY
Mälim bolşy ýaly Lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy kämilleşdirmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem bu maksatnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl boldy.
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.