PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

28-02-24

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyjynyň biragyzdan goldanmagy, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek, ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek boýunça işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Ýol kartasynyň» çäklerinde dürli çärelerdir bäsleşiklere giň gerim berilýär. Olarda Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň hem-de filosofik garaýyşlarynyň, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleriniň, öwüt-ündewleriniň türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandygy wagyz edilýär.

Agzalan «Ýol kartasyna» laýyklykda hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçiriljek çäreleriň meýilnamalary durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk ýörelgeleri we umumadamzat gymmatlyklary» atly gibrid görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Hydyr Deryaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň professor-mugallymlary hem Halkara gatnaşyklary institutynyň hyzmatdaşlygy ýola goýan daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, diplomatik akademiýalarynyň we merkezleriniň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli 2024-nji ýylyň 12-nji martynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda okuw we hünär tejribeliginiň orny” atly okuw-usuly maslahaty, edebi-döredijilik işleriniň bäsleşigini hem-de taslama işleriniň sergisini geçirýär. Şu ýylyň başynda hem institutymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara bilen esasy çärelere badalga berildi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp, şol ýerde täze goşgusyny okap berip, halkymyza sowgat etdi. Bu topluma barýan ýa-da ondaky akyldar şahyryň belent heýkeline gözi düşen her bir adamyň aňynda, kalbynda orun alan şu setirler dile gelýär:

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

2024-nji ýylyň şygaryny dabaralandyrýan bu eser Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini, döredijiligini belende galdyrýar, dünýä tanadýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy biziň her birimiz üçin ylham çeşmesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän çuňňur paýhasa ýugrulan eserleriniň ähmiýetini, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde öňe sürülýän ynsanperwer ýörelgeleri giňden wagyz etmek bilim işgärleridir, biz talyp ýaşlaryň möhüm wezipesidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda beýik ykbalymyzyň üstünliklere beslenýän täze bir sahypasynyň — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmuny, ähmiýeti giňişleýin açylyp görkezilýär: «Täze ýylymyzyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr. Türkmen ýaşlaryna döwletliligimiziň ýene bir sahypasyny belent üstünlikler bilen doldurmaga çagyryşdyr. Öňümizdäki bir ýylymyzy, soňra bütin ömrümizi Magtymguly bolup ýaşamaga çakylykdyr». Türkmen ýaşlary döwlet Baştutanymyzyň şeýle öwüt-ündewlerinden ugur alyp, «Magtymguly — taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr» diýen sözlerinden ruhlanyp okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyza eýerip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ajaýyp üstünliklere besleýärler.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýäde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw edýäris!

 Leýli MOMMYÝEWA,
Se
ýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.


«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.


16926875026bf9.jpeg
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.