Ylym-bilim — bagtyýar geljegimiziň gözbaşy
06-01-26
Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ata Watanymyzyň bu ulgamlarda gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Ylmyň we tehnologiýanyň döwrebaplaşdyrylmagy, öz gezeginde, ýurdumyzda ählitaraplaýyn ösüşi üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biridir. Bu ugurda ýaşlara bilim bermek işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, ylmy-tehniki ösüşi üpjün etmekde täze tehnologiýalara we halkara tejribesine esaslanmak, döwrebap usulyýetleri özleşdirmek arkaly milli aýratynlyklarymyz bilen dünýäniň gazananlaryny utgaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar.
Şolardan ugur alnyp, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalary boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» kabul edildi, ony amala aşyrmagyň ugurlary we tapgyrlary kesgitlenildi. Konsepsiýa laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygyny üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak göz öňünde tutulýar.
Şu maksat bilen, «Türkmenistanda ylym ulgamyny sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2026—2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde hem möhüm orny eýeleýär. Ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan hoşniýetli daşary syýasatyň hem uly orny bar. Bu ugurda «Açyk gapylar» syýasaty esasynda ýola goýulýan halkara gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar hem-de durmuşyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşi dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda sanly ulgamyň mümkinçilikleri döwrebap bilim ulgamynda giňden peýdalanylýar. Sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny guramagyň usullary kämilleşdirilýär, uzak aralykdan okatmak arkaly okuw sapaklary geçirilýär. Ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlar hasaplanylýar.
Eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap bilim edaralarynyň gurulmagy, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilmegi, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, milli bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde, ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamlarynda dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň arasynda uzak aralykdan ikitaraplaýyn okuw sapaklary guralýar.
Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň öňünde aýdyň wezipeleri goýýar. Biz hem ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde bilim başarnygymyzy, ukybymyzy, zehinimizi gaýgyrman geljekde hem Watanymyza wepaly bolup, netijeli zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda hem ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Döwletmyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyñ mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.