TEBIGATY GORAMAK – SAGDYN DURMUŞYŇ KEPILI
30-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli raýatlarynda, ilkinji nobatda ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata, ekologik gurşawa aýawly çemeleşmek netijesinde ekologiýa medeniýetini döretmek hem-de kemala getirmek, kämilleşdirmek, tebigata, onuň gymmatly baýlyklaryna söýgini terbiýelemek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Möhüm ekologiýa meselelerini çözmek halkyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin zerur hasaplanýar. Şeýlelikde, ekologiýa abadançylygy ýurdy gülledip ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy, täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy üçin yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Islendik ekologik taslamany netijeli durmuşa geçirmegiň möhüm ugry, halkyň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýan ekologiýa medeniýetiniň derejesi bilen şertlendirilýär. Şoňa baglylykda her bir raýatda, ylaýta-da geljegimiz bolan ýaş nesilde tebigata söýgini ösdürmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ilatyň ähli gatlagy üçin giň gerimdäki ekologik, aňbilim işini sazlaşykly üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Munuň özi diňe bir tebigaty goramak ulgamynyň işgärlerini däl-de, eýsem, raýat jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň ekologik hereketiniň giň gerim bilen ösmegini nazarda tutýar. Şunda ýaz we güýz aýlary bag nahallaryny oturtmak, welosipedli ýörişleri geçirmek hem örän ähmiýetli bolup durýar. Şeýle ýagdaýda ilatyň arasynda tebigatyň gözelliklerine, arassa howa sarpa goýmak ýaly ýörelgeler has-da ösdürilýär.
Ekologiýa medeniýeti adamlaryň tebigaty, daşyny gurşap alýan dünýäniň gözelliklerini kabul ediş derejesidir hemde her bir ynsanyň älem giňişliginde öz eýeleýän ornuna düşünmegidir. Adamyň daşky gurşawa we tebigata bolan gatnaşygydyr. Häzirki döwürde Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir adamyň ekologiýa bilimini we medeniýetini ösdürmek, netijede her bir ynsanyň tebigatyň öňündäki jogapkärçiligini düşündirmek iň möhüm wezipeleriň biri hasaplanýar. Ekologik bilim bermegiň esasy maksady ynsan bilen tebigatyň arasyndaky özara gatnaşygy kemala getirmekden, ynsanlarda daşky gurşaw bilen özara sazlaşykda ýaşamaga bolan ukyby ösdürmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan giň möçberli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemek işi ösüp gelýän ýaş nesliň ekologik aň düşünjesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, ekologiýa medeniýeti ýaşlaryň tebigat bilen gatnaşygyny, ekologik bilimlerini, eýe bolan başarnyklaryny ýaşaýyş-durmuşyndaky gündelik durmuşda peýdalanyp bilmek ukyp başarnyklarydyr. Şeýle çemeleşmeler häzirki döwürde Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa babatdaky syýasatyň özeni bolup durýar.
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda amala aşyrýan bilelikdäki işleri hem ekologiýa taýdan ählumumy wezipeleri çözmegiň, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň, suw serişdelerini gorap saklamagyň, şeýlelikde, tebigaty dikeltmegiň, ony goramagyň çözgütlerini tapmak ugrunda diýseň möhümdir.
Bagtyýar geljegimiz bolan ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrmak, olarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk duýgularyny, ekologiýa bolan gatnaşyklary terbiýelemek barada toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merdan GYZYLOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.