Döredijilik maslahaty geçirildi

13-01-24

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň jemgyýetiň durmuşynda tutýan ornuna bagyşlanan döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahata eýranly we türkmenistanly suratkeşler, sungat işgärleri, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri we döredijilik ugurly türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Muzeýiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, foruma Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni geňeşçisi Nawid Rasuli hem gatnaşdy.

Ýatlap geçsek, ýaňy-ýakynda bu muzeýde Eýranyň we Türkmenistanyň suratkeşleriniň bilelikdäki sergisi açyldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby
Daýançmämmet Şiriýew

168944c7c0920f.jpeg
MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI

Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.


1688b17b08b2e3.jpeg
AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.


1685cd91398747.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


1685b96735e5ca.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


16890357d5b02b.jpeg
Deňze çykalga — dünýä çykalga

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.