Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat - Mary böleginiň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy
13-01-24
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň çäklerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Aşgabat — Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy. Bu barada HHM ýazýar.
Gurluşygy dowam edýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurduň ykdysady ösüşini hem-de Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýän giň möçberli desgadyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň işleri, döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklandy.
«Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň ýol gurluşyk inženeri S.Ýowşanow ýoluň Aşgabat — Mary böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy barada aýtdy.
«Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam edýär» diýip, Ýowşanow nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu maglumatlaryň örän gowy görkezijidigini belläp, gurluşykçylary gazanýan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olaryň bu ugurda toplan iş tejribeleri, ýol gurluşygynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde yhlasly zähmet çekýän ýol gurluşykçylary bilen ýadygärlik surata düşdi we olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary gowşurdy.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy
Narbaý Özbekow
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.