Asly - gerkez, ýurdy - Etrek, ady - Magtymgulydyr

13-01-24

Türkmen halkynyň beýik şahyr ogly Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň​ köpüsini​ Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir.

Magtymguly Pyragy başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: “Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir” - diýip ýazýar.

Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan aşa köp we irginsiz okapdyr.

Magtymgulynyň zehinliligine, okuwa höwesliligine göz ýetiren Döwletmämmet onuň ylymly adam bolup ýetişmeginiň aladasyny edipdir. XVIII asyrda Etrek, Ahal, Mary sebilerinde güýçli medreseler bolmandyr. Şonuň üçin hem Döwletmämmet Azady öz oglyny ilki Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris babanyň medresesinde okuwa iberýär. Magtymguly bu medresede birnäçe wagt okaýar. Soňra ol Buhara Gögeldaş atly medresä okuwa gidýär we onda iki ýyl okaýar. Şahyr şol medresede ders berýän siriýaly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen tanyşýar we onuň bilen dostlaşýar. Ýöne käbir sebäplere görä bu medresäni taşlap gitmeli bolýar.

Magtymguly esasy bilimi Hywadaky «Şirgazy» medresesinde alýar. Ol «Şirgazy» medresesinde üç ýyl okaýar. Medresede berilýän dersleriň daşynda hem Gündogaryň görnükli şahyrlary: Nyzamynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Nowaýynyň we başgalaryň eserlerini irginsiz okaýar. Ol medresede okaýanlaryň arasynda özuni derrew tanadyp, zehinli talyplaryň hataryna goşulýar. Okuwyň ilkinji ýylynda Magtymguly talyplaryň halypasy bolýar. Soňky ýylda bolsa, mugallym özi ýok wagty ders geçirmegi-de Magtymgula ynanýar ekeni. Magtymguly öz döwrüniň iň bilimli we düşünjeli adamy bolup ýetişipdir.

Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr.

Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adamdy. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdyr, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir.

Magtymguly, takmynan, 1807-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda “Garry molla” (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Geodeziýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi
Mähri Kakabaýewa

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.