GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM

13-06-24

Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý­laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe - beýik geljege sary ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmu­şymyza täze öwüşgin çaýýar.

Türkmen halkymyz Gurban baýramynyň üç günläp dowam edýän günlerinde agzybirlik bilen, bu nurana baýramçylygyň şa­nyna öz dogan-ga­ryndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň we goňşularynyň öýlerine myhmançylyga bar­ýarlar, özleri hem myhmanlary ka­bul edýärler. Her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmen Diýarynyň mundan beý­läk-de gülläp ösmeginiň ha­tyrasyna sadakalar beril­ýär, ýagşydan-ýagşy doga-dilegler edilýär. Gudraty güýçli Allatagalanyň şanyna, parahat we döredijilikli durmuşyň şanyna aýat-töwir okalýar. Mukaddes baýramyň hormatyna paýtagtymyz Aşga­bat şäherinde, welaýatlarymy­zyň ähli şäherlerinde we obalarynda dürli öwüşgindäki şowhunly-dabaraly çäreler geçirilýär.

Hemme ýerde, şol sanda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň we­la­ýatlarynyň seýilgählerinde, me­deni hem-de dynç alyş merkezlerinde bu baýram mynasybetli oturdylan beýik hiň­ňildikleriň ýany aýratyn köp adamly bolýar. Bu hiňňildikler  Gurban baýramynyň aýrylmaz milli nyşany bolup durýar, munuň özi beýleki musulman halk­larda duş gelmeýär. Bu owadan däp ajaýyp baýramçylyga gaýtalanmajak milli öwüşgin çaýýar. Halk ynanjyna görä, gurbanlyk günlerinde hiňňil­dik­lerde uçan adam ähli günä­lerinden saplanýar. Hiňňildikleriň ýanynda guralan ýörite sahnalarda meşhur aýdymçylary, halk döredijiligi we tans toparlary çykyş edýärler. Bu ýere aýratyn hem agşamlary­na toplum bolup gelýän adamlaryň ýüzünde şatlyk we ruhubelentlik nur saçýar, olaryň ýürekleri bolsa Watanymyz üçin, parahat­çylyk we abadançylyk üçin buý­sanç duýgusyna beslenýär.

Goý, Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda berýän sadakalaryňyz we okan aýat-töwirleriňiz Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

 Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby. 
 

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.