Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2023-nji ýylyň netijeleri barada aýtdy
02-01-24
Prezident Serdar Berdimuhamedow 29-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanda 2023-nji ýylyň netijeleri barada aýtdy. Bu barada TDH ýazýar. Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2023-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny, bu ýylyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynda hemişelik galjakdygyny belledi.
2023-nji ýylda Ministrler Kabinetiniň 46, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 10 mejlisi, şeýle hem dürli döwlet maslahatlarynyň 44-si geçirildi. Bu mejlislerde, maslahatlarda döwletiň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm meselelere seredildi. Geçip barýan ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 göterim artdyrylan möçberleri öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Döwlet Baştutany ýurduň ähli sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygynyň dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi.
2023-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda ilkinji "akylly" şäher - Arkadag şäheri açyldy. Bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Gurluşygyň tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitde deňi-taýy bolmadyk “smart-sitiniň” — sanly we “akylly” tehnologiýalar merkeziniň gurulmagy döwletiň ykdysady taýdan örän kuwwatlydygynyň, ylmy-tehniki ösüşiň belentliklerine tarap ynamly barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Aşgabat şäheri “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary syýasatyň meselelerine degip geçip, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Türkmen döwletiniň başlangyjy esasynda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamalar, şeýle hem Türkmenistanyň dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasy bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy.
Hojamyrat SERDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutytynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.