2023-nji ýylda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi
02-01-24
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda 28-nji dekabrda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşliginde mälim edildi.
Özbek Lideriniň resmi metbugat gullugynyň habar bermegin görä, söhbetdeşligiň başynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistan Halk Geňeşiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birek-biregi Täze ýyl baýramy bilen mähirli gutlap, dogan türkmen we özbek halklaryna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.
«Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gol çekilen şertnamalaryň, şol sanda parlamentara dialogyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ähli ileri tutulýan ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändigini uly kanagatlanma bilen bellediler.
Özara söwda dolanyşygynyň mukdary artýar — 2023-nji ýylyň ahyryna çenli iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1 milliard amerikan dollardan artar. Daşkentde we Aşgabatda söwda öýleri açyldy hem-de «Şabat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyny bilelikde döretmek boýunça işler alnyp barylýar» diýlip, habarda bellenilýär.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň amaly taraplary barada pikir alşyldy hem-de 2024-nji ýylda geçiriljek duşuyklaryň meýilnamasyna garaldy.
Dörtguly GOÇGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutytynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.