Ylym — ösüşleriň binýady

21-10-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Garaşsyz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar, täze üstünlikler röwşen geljege ynam döredýär. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlar iş bilen yzygiderli üpjün edilýär, olar döredijilikli zähmet çekýärler, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Bu aýdyň netijeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary bolup durýar. Çünki ýaşlaryň bilim öwrenmekleri we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ösüşleriň dowamlydygyndan habar berýär.

Häzirki wagtda ýurduň ösüşi ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýaşlarymyzyň ylym-bilim öwrenmeklerini ýola goýmak, olaryň ylmy garaýyşlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş alymlara döredilýän mümkinçilikler, olaryň tehnologiýalara erk etmegi üçin bar bolan şertler aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi bu ugruň mundan beýläk hem ösdürilmegini, alymlaryň, ylmy işgärleriň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: «Ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini täze derejelere çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek alymlarymyzyň öňünde goýýan wajyp wezipelerimizdir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, jemgyýetimiziň ösüşinde alymlaryň, işgärleriň öňünde uly wezipeler durýar.

Bu gün Watanymyzda durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleri bütin dünýä üçin nusgalykdyr. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler ulgamyň mundan beýläk hem sazlaşykly ösdüriljekdigini aýan edýär. Ylym hem-de bilim ulgamlarynda döwür we dünýä bilen aýakdaş hereket etmek ösen döwletleriň alyp barýan syýasatynyň iň möhüm ugrudyr. Çünki ylmyň ähli ulgamlara ornaşdyrylmagy bilen ýurduň ösüşi has berk binýada eýe bolýar. Ine, şol ugur ösüşli menzilleriň netijeli bolmagyna esas bolýar.

Ýurdumyzyň ähli bilim edaralary bilen birlikde, ýokary okuw mekdeplerinde hem bilim berlişi sanly tejribäniň esaslary bilen birlikde sazlaşykly alnyp barylýar.

Ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenler we ylmy işgärler taýýarlanylýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerde talyplaryň bilim we hünär öwrenmeklerinde ähli şertler döredilýär. Halypa mugallymlar ylmy işleri alyp barmakda talyplara halypalyk edýär. Ýaşlaryň ylmy döredijilik işlerine ýakyndan goldaw berýär. Ýaşlar ylmy edebiýatlary, kitaplary okap bilim derejelerini artdyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ylym-bilim edaralary döwrüň iň soňky gazananlary bilen kämil bilim bermegiň döwrebap ugurlaryna, internet ulgamyna eýe boldular. Ylmyň dürli ugurlary boýunça toplanan maglumatlar gory, çap edilen makalalar, okuw kitaplary we ylmy işler baradaky maglumatlar ylmy we merkezi kitaphanalaryň üsti bilen okyjylar köpçüligine elýeterli edildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri bu günki gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy edaralarda, ylmy-barlag institutlarynda bilim ulgamynyň netijeliligini artdyrmakda mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyna degişli maglumatlary sanly ulgamyň kömegi bilen öwrenmäge şertleriň döredilmegi bolsa, diňe bir dünýä ylmynyň gazananlaryny peýdalanmak we zerur bolan maglumatlary toplamaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzdaky bolup geçýän täzelikleri, ylmy ösüşleri dünýä ýaýmaga-da itergi berýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ylmy maslahatlar, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaşlaryň, ýaş alymlaryň çykyşlaryna orun berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň ylym-bilim dünýäsine oňat düşünmeklerine we tejribe almaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär, ýaş alymlaryň has-da kämilleşmeklerine, ylmyň dürli ugurlaryndan iş alyp barmaklaryna itergi berýär. Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Döwletmyrat ATAKAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň talyby.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.