SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI DABARALANÝAR

19-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda, kopçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdurmek, ýurdumyzyň abadançylygyny gowulandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzda belli şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli "Saglyk ýoluna" köpçülikleýin ýörişler, sport çäreleri, welosiped ýörişleri yzygiderli geçirilip durulmagy däbe öwrüldi. Ildeşlerimiz şeýle çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Sagdynlygyň hem-de gülläp ösüşleriň, ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen, özboluşly milli ýörelgäni emele getiren bu maksatnamanyň çäginde uly işler edildi. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri geçen ýyllaryň içinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde işe girizilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, onlarça sport - sagaldyş merkezleri, daşky gurşawy gorap saklamak, ilatly ýerleriň ekologik ýagdaýyny amatly derejä getirmek üçin döredilen bagçylyk zolaklary, seýilgähler, durky täzelenen şypahanalar, "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özleriniň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda, sport we bedenterbiýe bilen meşgul bolmakda ähli halkymyza nusgawy görelde bolup durýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze ylmy işi bolsa lukmançylyk bilen meşgullanýan hünärmenleriň ýan kitabyna öwrülip, ynsan saglygy bilen bagly wajyp meseleleriň tiz çözülmekliginiň ýardamçysy boldy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, zyýanly endiklerden daşda durýan raýatlaryň yzygiderli artýandygyny, ýaşlaryň arasynda sport we bedenterbiýesi bilen meşgul bolýanlaryň köpelýändigi hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde, ilatyň saglygyny goramakda alyp barýan toplumlaýyn-ulgamlaýyn häsiýetli giňişleýin çäredir, işleriniň netijesi bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak diýmek öz saglygyňy goramak diýmekdir, sagdyn nesliň dünýä inmegini üpjün etmek diýmekdir, umuman sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, beden we ruhy, sosial we durmuş, ruhy we medeni taýdan bagtyýar, döwletli, atly-abraýly ýaşamak diýmek bolup durýar.

Ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy, dürli halkara lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag kliniki edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy tejribesi düýpli öwrenilýär hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynda netijeli peýdalanylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygy berkitmäge we ruhubelentlige ýardam bermän, erkiňi taplamaga, işe ukyplylygy ýokarlandyrmaga kömek edýär” diýip belleýär. Şeýle başlangyçlary, oňyn teklipleri öňe sürmek bilen diňe bir ýurdumyz üçin däl, umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýär. Ajaýyp ýörelgeleriň binýadyny tutan, yzygiderli geçirilýän giň möçberli çäreler, saglyk ýörişlerini geçirmek jemgyýetimizi ekologiýa jogapkärçiligine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýgül BAÝGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.