SANLY BILIM – KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY
04-10-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
"Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy" ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, munuň bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly maksatlary öz içine alýar. Sanly ykdysadyýetiň özenini döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň özleşdirilişi, olaryň durmuşa ornaşdyrylyşy hem-de ulanyşy düzýär. Her bir döwlet ykdysadyýetiň sanly ulgamyna geçende, täze ýagdaýlara kybap kanunçylyk binýadynyň, önümçilik serişdelerini hasabatlarynyň ygtybarlylygynyň bolmagyny hem-de internet ornaşdyrýan senagat kärhanalarynyň hukuk goraglylygynyň üpjün edilmegini ýola goýmalydyr.
Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň bu möhüm şertleri doly döredildi. Uly üstünliklere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Häzirli döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durmuşymyzyň aýratynlyklarynyň birine öwrülýär. Sanly ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi täze tehnologiýalaryň emele gelmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde önüm öndürmek üçin gerekli esasy şert ylym-bilim bolmak bilen birlikde, ony netijeli ulanmak hem zerurdyr. Şoňa görä-de, ýurduň syýasy hem ykdysady güýjüniň ylym-bilim ykdysadyýetinden emele gelýändigi hemmelere aýandyr. Häzirki zaman dünýäsiniň esasy alamatlarynyň biri bolan sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilip, olaryň birinjisi täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi bolup, ikinji maksady önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.
Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem-de giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hem sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly okuw kitaplary, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň ösmegine, onuň dünýä derejesine çykarylmagy ugrundaky aladalaryndan nyşan bolup durýar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, il-ýurt bähbitli tutumly işleri durmuşa geçirýän, ykbaly dünýä halklarynyň alkyşlary bilen bezelen Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Sülgün ŞANEPESOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyň Kompýuter ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.