Bitaraplyk ýoly — dünýä nusga ýörelgämiz
11-12-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň goldamagynda birinji gezek, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.
Şonuň ýaly-da, bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi we 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi.
Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Watanymyz BMG-niň münberinden dünýä ýüzüne hemmetaraplaýyn bähbitli başlangyçlaryny öňe sürýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasaty esasynda halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleriniň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny özüne çekýänligi oňyn netijelerini berýär.
Bütin äleme öz ýalkymyny saçýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylyk söýüjiligiň täze nusgasy hökmünde yklymlar içre ykrar edilmegi döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny mazmun taýdan barha baýlaşdyrdy. Ata Watanymyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary Türkmenistanyň halkara mertebesini has-da artdyrdy. Halkymyzyň we döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän uly özgertmeler, ylaýta-da, ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, syýahatçylyk, sport we beýleki ulgamlary boýunça kabul edilen maksatnamalar, şeýle-de bu ulgamlarda barlag işlerini we innowasiýany ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlar türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat derejesinde wajyp orun eýeleýändigini aýdyň görkezýär.
Toý ruhuna beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramy uludan toýlanýar. Indi 28 ýyl bäri Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp parahatçylyksöýüjilikli, hoşmeýilli gatnaşyklaryň syýasatyny ýöredýän Garaşsyz, Bitarap döwletimizi bütin dünýä tanaýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri syýasatynyň dowamy bolan öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiziň BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen barha işjeň häsiýete eýe bolýan köptaraplaýyn gatnaşyklary ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Ol jemgyýetde milli agzybirligiň, asudalygyň hem-de jebisligiň ýokarlanmagynda bahasyna ýetip bolmajak häzirki döwrümiziň hakykatydyr. Şeýle hakykat Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber tagallasy bilen, täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, dost-doganlygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň daýanjy hökmünde öňe çykýar.
Bu bolsa türkmen halkynyň parahatçylykda ýaşap, döredijilikli zähmet çekmeginiň kepilidir. Parahat durmuşymyzy toýlara besleýän Arkadagly Serdarymyzyň, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren başlangyçlaryň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Orazguly ITALMAZOW,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.