BITARAPLYK BINASY - BAGTYŇ BINASY
08-12-23
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesini berdi we şu mynasybetli gurlup, ulanmaga berlen desganyň binagärlik ölçeglerinde taryhy sene özboluşly beýan edilýär. Binanyň umumy beýikligi 95 metr bolup, çür başynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň 12 metrlik heýkeli bar.
Bitaraplyk binasy umumy diametri 100 metr we beýikligi 1,80 metr bolan tegelek münberiň üstünde oturdylypdyr. Köp derejeli desga tagan aýagynyň şekilindäki üç sany kuwwatly sütüniň üstünde gurlupdyr. Sütünler altynsow öwüşginli bürünç şekiller bilen bezelipdir. Olarda ilkidurmuş döwründen başlap,
Garaşsyzlygymyza eýe bolan ajaýyp zamanamyza çenli Türkmen döwletiniň taryhy döwürlerindäki ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapypdyr. Şol wakalar dürli şekilleriň üsti bilen yzygiderlilikde beýan edilýär. Bitaraplyk binasynyň kuwwatly üç sany sütüniniň ýokarsynda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň nyşany bolan milli göllerimiz şekillendirilen özboluşly bezeg halkalary aýlanýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň düýp özeninde agzybirligiň, parahatçylyk söýüjiligiň we ynsanperwer gatnaşyklaryň mynasyp orny eýeleýändigini dünýä ýaýdy. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň halkara guramalary we dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygynyň ykrarnamasydyr.
Atamyrat ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.