Bilim ulgamynyň innowasion ösüşi

17-01-26

Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatdaky wezipeler häzirki zaman ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasy ugry bolup durýar we bu täze garaýyşlar ýaş nesliň okadylyşynyň mazmunyna hem düýpli täsirini ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugra aýratyn ähmiýet berip: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler. Bilim bermekde sanly tehnologiýalar giňden ulanylyp, uzak aralykdan okatmak we maglumatlary alyşmak işleri amala aşyrylar. Bu çäreler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini dünýäde iň ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip belläp geçdi. Şeýlelikde, ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda ylym we ýokary tehnologiýalar boýunça iri halkara guramalary hem-de ylym merkezleri bilen uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berildi. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.

Ýurdumyzyň hem-de türkmen ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşiniň toplumlaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan möhüm wezipesidir. Şol belent maksatlara ýetmekde döwletimiziň eýeleýän orny diňe bir ylym we bilim ulgamlarynyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak däl-de, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmek arkaly öňdebaryjy tejribeleri netijeli peýdalanmak, halkara derejeli hünärmenleri ýetişdirmek bilen kesgitlenilýär. Hut şu wajyp wezipelerden ugur alnyp, her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary hem döredilýär, bilim alýan talyplaryň sany ýylsaýyn artýar. Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň onlarça döwleti bilen ykdysady we medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şonuň üçin döwür her bir hünärmeniň daşary ýurt dilleriniň birnäçesini bilmegini talap edýär.

Dil her bir döwletiň ykdysady kuwwatyny, ösüşini, halklaryň milli özboluşlylygyny, maddy, medeni derejesini, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde, bilmekde hem gymmatly serişde bolup durýar. Döwlet dili bolan türkmen dilimizden başga-da, ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyň dili hökmünde iňlis dili, milletara gatnaşyklaryň dili hökmünde rus dili öwrenilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň maksatnamasyna ýapon we koreý dilleri hem girizildi. Bilim ulgamynyň kompýuterleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň döredilmegi zehinli ýaşlarymyzyň durmuşyň islendik ugurlarynda akylly-başly iş alyp barmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Bilimiň esasy maksady bolsa sazlaşykly ösen, durmuş babatda işjeň we döredijilikli şahsyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Häzirki türkmen jemgyýetini dünýewi-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de ruhy ahlak taýdan özgertmek bilim ulgamynda milli ýörelgelerimize laýyklykda amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň her bir raýatynyň öz arzuwlaryny amala aşyrmagy we durmuş taýdan üstünlik gazanmagy üçin zerur şertleri emele getirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan özgertmeleriniň esasyny düzýär. Ýurdumyzda ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli nesli kemala getirmek babatda toplumlaýyn we sazlaşykly esasda alnyp barylýan işleriň ählisi döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde özüniň aýdyň netijelerini görkezdi. Beýik maksatlar rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýär. Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. Jemgyýetiň kämil gurluşynyň kemala getirilmegi üçin alnyp barylýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işler, tutuş sebitiň ösüşine itergi berýän beýik başlangyçlar halkymyzda hormatly Prezidentimize bolan buýsanjy, döredijilikli zähmete bolan hyjuwy has-da artdyrdy.

Goý, ýurdumyzyň beýik ösüşlerinde biz ýaşlaryň ylym-bilim kuwwatyna aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.