GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ BILIM ÖZGERTMELERI

25-09-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary ahlak sypatly, watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, bazar hojalygynyň we demokratik döwletiň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesilleri kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzda ileri tutulýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Bu ugurda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykaryldy, döwletimiziň milli bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Döwletimiziň ähli künjeklerinde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklary, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ulanylmaga berilýän bilim-terbiýeçilik edaralarynyň kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary, bütindünýä internet aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär.

Ýaşlaryň okamagy, terbiýe almagy, ruhy taýdan ösmegi, beden taýdan taplanmagy bilen bir hatarda, kesp-kär edinmegi, ylymlar dünýäsine aralaşmaklary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýaşlar barada ýöredýän syýasatynyň, geçirilýän bilim özgertmeleriniň esasy mazmunyny düzýär. Hut şu nukdaýnazardan alanymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamyna geçirilmegi ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegini we olara ýokary hilli bilimiň berilmegini üpjün etdi. Bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň hukuk binýady berkidildi. Umumy bilim berýän orta mekdeplerde ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, modelirleme we grafika ýaly okuw dersleriniň girizilmegi orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň diňe bir dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryny, jemgyýetiň, tebigatyň gurluşyna we ösüşine düşünmeklerini, göz ýetirmeklerini üpjün etmän, eýsem,  olaryň geljekde hünär saýlap almaklaryna, döwletimiziň ösmegine we kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan nesiller bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bilim ulgamyny gurşap alan toplumlaýyn özgertmeler diňe bir ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryny, olaryň giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam etmän, eýsem mekdeplerde işleýän mugallymlaryň sanyny artdyrmak bilen birlikde goşmaça iş orunlaryny döredýär, hünärmenleriň iş bilen üpjünçiligini, ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrýar. Özleri barada döwlet derejesinde şeýle uly aladalaryň edilmegi mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny, olaryň öz kärlerine söýgi we jogapkärçilik, ynam we maksada okgunlylyk, belent borja wepalylyk duýgulary bilen çemeleşmeklerini talap edýär. Bu aladalar mugallymlaryň hünär taýýarlygyna döwlet derejesinde berilýän ünsüň artýandygynyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri ýokary okuw mekdeplerininde-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi, ozal bar bolanlaryna täze, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän  okuw binalarynyň sowgat edilmegi, olarda täze hünärleriň girizilmegi, ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň belent sepgitleri nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär.

Öz hünärlerine ussat, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, jemgyýetimiziň, ykdysadyýetiň we medeniýetimiziň ösmegine mynasyp goşant goşýan, türkmen, iňlis, rus dillerini suwara bilýän hünärmenleri taýýarlamak işi barha kämilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge, bilimiň hilini, ýokarlandyrmaga hem-de halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.