Siz — ýaşlaryň howandary, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
06-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine möhüm ähmiýet berilýär.
Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň il-ýurdumyza eşret getirýän özgerişliklerdigine, Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerini ýene-de täze belentliklere ýetirýändigine has oňat düşünýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty has artýar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşlerine hem oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda mukaddes topragymyzda meýilleşdirilýän iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň çuňlugy bilen kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglanyşykly eýýäm orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna hem ýaşlaryň hünär düşünjelerini baýlaşdyrýan dersleriň birnäçesi girizildi. Munuň özi bagtyýar ýaşlaryň geljegine uly tama edilýändigidir. Häzirki wagtda islendik iş ýerini ýaşlarsyz göz öňüne getirmek juda kyn. Ýaşlara uly ynamyň bildirilmegi şol ynamyň ödelmegini hem talap edýär.
Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri, lukmanlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän amaly sapaklary tejribe bilen utgaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary amaly-okuw tejribe sapaklaryny geçýärler. Okuw rejesine laýyklykda talyplara tomusky tejribe sapaklaryny ýokarda agzalan lukmançylyk nokatlarynda geçmek bilen, tejribeli hünärmenlerden sapak almak mümkinçiligi hem döredilýär. Hassahanalarda tejribe sapaklaryny geçýän talyplar bejeriş-maslahat beriş, näsaglaryň kesel kesgidini seljermek ýaly birnäçe işleri amala aşyrýarlar. Bulardan başga-da olar tejribeli hünärmenler bilen çylşyrymly operasiýalara we bejergilere gatnaşyp, öz tejribelerini artdyrýarlar. Häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, oňaýly şertlerde tejribe-okuw sapaklaryny geçmek talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga hem uly ýardam berýär. Geljekki lukmanlaryň iri saglygy goraýyş merkezlerinde amaly-tejribe okuw sapaklaryny geçmekleri olaryň hünär tejribesini artdyrmaklaryna uly itergi berýär. Munuň özi lukmançylygyň öňdebaryjy gazananlarynyň hatarynda tejribeli hünärmenler bilen raýatlaryň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmäge esas bolar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň gözbaşynda Watan hem-de halk barada edilýän çäksiz alada durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalaryna jogap edip, ýaşlary döwrebap terbiýelemek üçin yhlasly zähmet çekýäris.
Ýaşlaryň geljekde öz saýlan hünäri boýunça kämil hem-de ökde hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda bimöçber aladalaryň binýat bolýan ajaýyp döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk iş tejribesini görelde edinip, durmuşymyzy rowaçlyklar, gowulyklar bilen baýlaşdyrmagyň röwşen ýolunda talyp ýaşlarymyza üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýärin!
Toýmyrat HOJAGELDIYEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.