YLYM — YGTYBARLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

07-10-25

Ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten «Ylymly il ozar» diýen pähim häzirki döwrümizde ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gurşunly kenek ýaly agramly, çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda has-da döwrebap ýaňlanýar. Bu paýhasyň süňňünde ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar.

Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilýän ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilen giň mümkinçiliklerdir. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda açylan aspiranturalara, doktoranturalara, ordinaturalara dalaşgärleriň ýüzlerçesi kabul edildi. Olar häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýarlar, özleri üçin döredilen şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, öz ukypbaşarnyklaryny kämilleşdirýärler. Saýlap alan ugurlary boýunça ylym dünýäsiniň gizlin syrlaryna ynamly aralaşýarlar.

Olar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň hataryny artdyrýarlar. Şeýle hem orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täze sapaklaryň, ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, okatmagyň interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurduň ählumumy ykdysady ösüşleri döwletiň kuwwatlylygyny, halkyň ýaşaýyşdurmuş derejesiniň ýokarylygyny kesgitleýär. Ýurdumyzy ösüşleriň şa ýolundan ynamly öňe alyp gitmekde, ozaly bilen, ykdysady ugurlarda öňe sürlen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly müň” diýen pähim häzirki döwrümizde hasda uly ähmiýete eýedir. Pederlerimiziň paýhas eleginden geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten bu parasatly aýtgy Ýer ýüzünde tutuş adamzat tarapyndan ykrar edilendir. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kämil hünärmenler taýýarlanylýar, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da aýdyň we röwşen boljakdygyna güwä geçip, biziň her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynyň täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Zulfiýa RAHIMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň mugallymy.

16946480e9ac61.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.


16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.