ATA-WATAN, ENE-TOPRAK

13-11-23

Gözüňi dokundyrýan bazar bolçulygy döwlet Baştutanymyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmäge gönükdirilen işleriň üstünliklere beslenýändigini äşgär edýär. Bazarlaryň bezegi bolup bulduraşýan ir-iýmişleri, miweleri synlaýarkaň pederlerimiziň: “Her adamyň öz Watanynda ýetişen hasyl onuň üçin dermanlykdyr, çünki olaryň tebigaty meňzeş bolýar” diýen sözleri biygtyýar kalbyňa dolýar. Türkmen tebigaty juda jomart. Sähel yhlas etseň zer öndürip bolýar. Haýsy tohumy taşlasaň, bol hasyl berýär. Şonuň üçin biz ýere ene toprak diýýäris. Ene toprak özüne edilen yhlasy, her daman maňlaý derini berekedi bilen alkyşlaýar. Halkyň rysgyny boldan eçilýär. Bu türkmen topragynyň özboluşlylygydyr, sahylygydyr.

Säheriň saba şemallarynyň ýüziňi sypap geçmegi, suwuň akyp, bag-bakjalaryň gök öwüsmegi, bugdaý sümmülleriniň mylaýym ygşyldysy bilen göwünlere täze bir gözelligi keşdelemegi bolçulygyň alamaty. Bu bolçulygyň şanyna tutulýan toýlarymyzyň döwletliligiň baýramy bolup dünýä ýaýylýar. Hasyl toýy daýhanlarymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem bol hasyl öndürip, Watan harmanyny beýgeldendikleriniň buşlukçysy bolup göwünlere ýol salar. Bu ýakymly işleriň ählisiniň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oňyn başlangyçlarynyň möhüm orny eýelemegi ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini has-da artdyýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň ýer ýüzündäki adamlaryň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda hem möhüm ähmiýeti eýedir.

Şonuň ýaly-da, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmek, olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmak, ýaşlarda halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemek telekeçilige, senagata, innowasion tehnologiýalara, döredijilige dizaýna höwes döretmek maksady bilen TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň Mejlisler zalynda TSTP-niň Aşgabat şäher komiteti, TAP-niň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda «Agrosenagat dizaýn» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige islendik ýaşdaky tejribeli dizaýnerler gatnaşyp, ol 2 tapgyrda geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Güýz pas­ly oba ho­ja­ly­gyn­da iň bir gyz­ga­laň­ly dö­wür­le­riň bi­ri­dir. Ýur­du­my­zyň oba zäh­met­keş­le­ri güýz pas­lyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ren oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­sy­ly­ny ýyg­na­ýar­lar. Türk­men top­ra­gy­nyň ha­syl­ly­ly­gy­ny, sa­çak­la­ry­my­zyň be­re­ke­di­ni ala­mat­lan­dyr­ýan Ha­syl to­ýy her ýy­lyň no­ýabr aýy­nyň ikin­ji ýek­şen­be­sin­de giň­den bel­le­nip ge­çil­ýär. Oba zäh­met­keş­le­ri­niň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýan Ha­syl to­ýun­da eder­men daý­han­la­ry­my­zyň maň­laý de­ri­ni dö­küp, ir­gin­siz­lik bi­len yh­las­ly çe­ken zäh­met­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri jem­len­ýär. 

Tawus AGAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.