BEÝIK AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY

28-11-24

Halkymyzyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Taryhda A.Wemberi, A.Samoýlowiç, Ý.Bertels ýaly başga-da ençeme dünýä alymlar Magtymguly Pyraga, onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, ençeme ýazgylary miras goýup gidipdirler. Şonuň ýaly-da, şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dünýä okyjylaryny buýsandyrdy. Magtymgulynyň goşgusyna aýdym aýtmadyk türkmen bagşysy ýok bolsa gerek.

Magtymguly ilini-gününi jany teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli güýji kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň  nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şyrgyrlaryda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Halk durmuşyndan daşda bolmadyk şahyryň goşgulary bütin  halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly täsirlidir. Hut şonuň üçin hem her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okalýar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi ündeýär. Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan edýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler wagyz edilýär. Ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetler wesiýet edilýär. “Edebiň ýagşysy ulyny syla” diýmek bilen, edeplilik, sylag hormat wagyz edilýär. Magtymgulynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda zähmetini, ylhamyny gaýgyrmaýar. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhy gahrymany orta çykarmagyna Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.

Magtymgulynyň watançylygy nusga alarlykly bolup, onuň galdyran edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol Watany wasp eden hyjywly şahyr, başarjaň terbiýeçi hökmünde ýaş nesliň hem kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär. 

Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da öç­me­jek yz go­ýan, poe­zi­ýa äle­min­de ady al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan be­ýik akyl­dar­la­ryň bi­ri hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Onuň bi­ze gal­dy­ran dö­re­di­ji­li­gi­niň gym­ma­ty­na di­ňe bir çe­per söz, şy­gyr jä­het­den ba­ha be­ril­se, Mag­tym­gu­la di­ňe şa­hyr hök­mün­de ga­ral­sa, bär­den gaý­dyl­dy­gy bo­lar. Ol di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, dün­ýä­niň pel­se­pe­wi pi­kir­le­ri­ni ös­dü­ren, çe­per­çi­lik aňy­ny nur­lan­dy­ran, dün­ýe­wi dur­mu­şy çe­per şöh­le­len­di­ren akyl­dar şa­hyr­dyr. Oňa şy­gry­ýet dün­ýä­si­niň tä­ji­ni ba­şy­na ge­ýen hö­küm­dar diý­sek hem ýal­ňyş­ma­ýa­rys.

Mag­tym­gu­ly­nyň ady, onuň şa­hy­ra­na owa­zy öz döw­rün­de we şon­dan soň­ra­ky ýyl­lar­da, aý­ra­ty­nam Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki umu­my döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýe­di yk­ly­ma ýaý­baň­lan­ýan ýaň bo­lup, älem-ja­ha­na ýaý­ra­dy. Bu adyň öz­bo­luş­ly, iň­ňän gym­mat­ly ta­ra­py onuň ýe­ke-täk bir şah­sy­ýe­tiň mer­te­be­si­ni aň­lat­man, eý­sem, tu­tuş bir mil­le­tiň – türk­me­niň at-owa­za­sy­ny, ab­ra­ýy­ny tug ki­min be­len­de gal­dy­ran­dy­gy bi­len hä­si­ýet­len­di. Şa­hy­ryň mer­te­be­si, onuň türk­me­niň ta­ry­hyn­da­ky, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, me­de­ni-ede­bi dur­mu­şyn­da­ky or­ny mü­di­mi­dir.

Mag­tym­gu­ly türk­me­niň kal­by­na iň be­ýik ynanç, aňy­na bol­sa dur­mu­şyň ýag­şy­sy­ny-ýa­ma­ny­ny ha­ta­syz sel­jer­ýän mä­hek da­şy, gö­reç­le­ri­ne öç­me­jek nur bo­lup ça­ýyl­dy. Dog­ru­sy­ny dog­ry aýt­ma­ly, ba­tyr­ly­gyň, adam­kär­çi­li­giň azat­ly­gyň, zäh­met­sö­ýer­li­giň, ha­lal­ly­gyň, wa­tan­per­wer­li­giň, pa­ra­sat­ly­ly­gyň, ki­çi­gö­wün­li­li­giň, ka­na­gat­ly­ly­gyň, oň­şuk­ly­ly­gyň, myh­man­sö­ýer­li­giň, umyt­ly­ly­gyň we ada­ma mah­sus gaý­ry bir­nä­çe oňat hä­si­ýet­le­riň hem­me­si­ni özün­de jem­le­ýän türk­me­niň ha­ky­ky bi­te­wi keş­bi hä­li-hä­zir­le­rem Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gin­dä­ki ýa­ly de­re­je­de do­ly we köp­ta­rap­ly, çe­per we çuň­ňur, adam­zat kal­by­nyň için­den eriş-ar­gaç bo­lup ge­çi­şi ýa­ly äh­li dö­wür­le­riň dur­muş ha­ky­ka­ty­na la­ýyk gel­ýän rö­wüş­ler­de şe­kil­len­di­ri­len däl­dir. Onuň şy­gyr­la­ry öz döw­rün­de yn­san kal­by­ny ep­gek­den we gu­rak­çy­lyk­dan ha­lys sur­nu­gan top­ra­ga ýa­gan sa­ha­wat­ly ýa­gyş ýa­ly gan­dyr­dy. Ol di­ňe bir öz döw­rün­de däl-de, hä­zir­ki döw­rü­miz­de hem tu­tuş adam­zat jem­gy­ýe­ti­ni öz­ger­di­ji, ter­bi­ýe­leý­ji güýç bo­lup dur­ýar.

Be­ýik akyl­da­ryň şy­gyr­la­ry yn­san kal­by­nyň ru­hy luk­ma­ny bo­lup, da­şyň ýü­zü­ne iň­ňe bi­len oýup ýa­zy­lan ýa­ly, her bir ada­myň ýü­rek tö­rün­de orun al­dy.Asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den ýol ýa­sap, hä­zir­ki gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­ten şy­gyr­la­ry­nyň ag­la­ba bö­le­gi bol­sa edep-ter­bi­ýe­çi­lik, wa­tan­çy­lyk şy­gyr­la­ry­dyr. Be­ýik akyl­da­ryň wa­tan­çy­lyk goş­gu­la­ryn­da wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­nyň in­çe we ýi­ti be­ýan edil­me­gi ha­ky­ky ta­ry­hy maz­mu­na eýe­dir. «Türk­me­niň» goş­gu­syn­da «Jeý­hun bi­len Bah­ry-ha­zar ara­sy» di­ýip bir se­tir­de türk­men kar­ta­sy­ny su­rat­lan­dyr­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň esa­sy öňe sü­ren mak­sa­dy bol­sa türk­me­niň bir bi­te­wü­li­gi­ni ga­zan­mak, je­bis bir döw­le­ti gur­mak bo­lup­dyr. Ol bü­tin öm­rün­de ber­ka­rar döw­le­tiň ar­zu­wyn­da ge­zip­dir. «Türk­me­niň», «Gür­ge­niň», «Türk­men bi­na­sy», «Is­tä­rin» ýa­ly goş­gu­la­ry­ny mu­ňa my­sal ge­tir­mek bo­lar.

Said BAZARBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby. 

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.