ÇEPER SÖZÜNIŇ USSADY

13-11-23

Çeper  sözüň ussady Pyragynyň edebi mirasyny dürli tarapdan seljeren Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň şahyryň çuň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň öz ugurlary bilen mynasybeti baradaky ululy-kiçili makalalary şu ýygyndynyň düzülmegine itergi berdi. Makalalarda Magtymguly Pyragynyň ömri, döwri, eserleri hem dünýägaraýşy taryh, dil, edebiýat, pelsepe hem tebigy ylymlar nukdaýnazaryndan derňelip, ygtybarly deliller arkaly gyzykly maglumatlar berilýär.

Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlarynyň tematik özboluşlylygy-da makalalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapypdyr. Şeýle-de ýygyndyda şol şygyrlaryň ýazylan wagtyndaky taryhy şertler, has takygy, şahyryň ýaşan galagoply döwri hem-de onuň taryhy şahsyýetler bilen mynasybeti, türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi ugrundaky göreşlerini beýan edýän işlere-de orun berlendir.Magtymguly Pyragynyň 1000-den gowrak goşgulary bar. Olardan:

Bu gün

Dogdy asmanyn Zöhresi,
Çyn asyga döwran bu gün.
Açyldy zemin lälesi,
Üsbu dünýä reýhan bu gün.

Her saýranda seýda bilbil,
Öwsün atar, öwüsip gül,
Asyk bolsan, muny ýat bil,
Magsuk sana gurban bu gün.

Til senuber sekeristan,
Älem-jahan gül-gülüstan,
Goýnun içre biten bostan,
Goç ýigitler bagban bu gün.

Gülsen içre girer bolsan,
Gül dessesin tirer bolsan,
Menden habar sorar bolsan,
Toty güftar zyban bu gün.

Daglar basyn ümür basan,
Jülgesinde güller ösen,
Her deminde namart gysan
Adyl sahdan perman bu gün.

Dowamatdyr il merdine,
Awun bermez sir gurduna,
Çyn asygyn ol derdine
Pyragydan derman bu gün.

 

Hasar dagyndadyr

Hasar dagy beýik bolar,
Üsti doly keýik bolar,
Mergenlere seýik bolar,
Barsan, Hasar dagyndadyr.

Kuh erer ýerin soltany,
Göwsünde gurmus dükany,
Üç ýüz altmys pir mekany
Görsen, Hasar dagyndadyr.

Mesgen tutar çarwadarlar,
Ýalçysynda ýatar marlar,
Deresinde biter barlar,

Tirsen, Hasar dagyndadyr.

Pelenler çyrpynyp çykan,
Boz marallar gyýa bakan,
Serkemerdir — derin döken,
Ýörsen, Hasar dagyndadyr.

Goşgulary we beýlekileri mysala getirmek bolar.

Mähri KAKABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Geodeziýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.