Ylym öwrenmek sungaty
17-05-22
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly nusgalyk kitabynda: “Ylymly adam bolmak il-ulsuň öňündäki borçlulykdyr” diýen dürdäne setirlere gabat gelýäris. Ylym öwrenmek hem özboluşly ajaýyp bir sungatdyr. Häzirki döwrümizde türkmen halkynyň “Sallançakdan başlap ömrüň ahyryna çenli ylym öwrenmeklik” ýörelgesi global derejede öňe sürülýär. Öwrenmegiň şahsy aýratynlyklara laýyklykda dürli görnüşleri bar. Olary umumylykda aşakdaky ýaly toparlara bölmek mümkin:
- Ylmy seljermek.
Maglumatlar bilen ylmy tapawutlandyrmak möhüm ýagdaý. Kitapsöýüjiler köplenç halatda özleriniň höwes edýän ynsanlarynyň ýa-da üstünlikli adamlaryň maslahat berýän kitaplaryny okamaklyga ýykgyn edýärler. Ýöne has dogrusy häzirki ýagdaýyňyzdan gelip çykýan, şoňa mahsus kitaplary okamaklykdyr. Bir kitaby birnäçe gezek okanymyzda onuň dürliçe täsir etmegi hem şundandyr. Ynsanyň durmuşdaky ornynyň, jogapkärçiliginiň we zerurlyklarynyň ýyllaryň dowamynda üýtgemegi bilen kitapdaky mazmun hem özgerýär.
- Ylym näme üçin gerek.
Öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzdaky müşgilleri çözmek üçin ulanyp bilýän bolsak bu ylymdyr. Hiç bir halatda peýdalanyp bilmejek zadyňyz bolsa maglumatdyr. Günümizde internet arkaly köpsanly ylmy maglumatlara gabat gelýäris we gyzyklanyp okaýarys. Olar biziň üçin täsirli makala bolup biler ýöne şol ugurdan okaýan, işleýän adamlara ol ylymdyr. Ylym öwrenilende özüňize berilmeli esasy sorag bu, ony nirede işledip boljakdygyny soramaklykdyr.
- Ylym nähili alynýar.
Ähli pikirlere adamlaryň şahsy garaýyşlary bar. Bilim bolsa şol pikiriň özgermegi bilen hasyl bolýar. Daşardan gelýän maglumatyň içki pikirlerden üstün çykmagy bilen adam öň özünde bar bolan pikiriň ýalňyşdygyna göz ýetirýär.
Kiçi göwünli, pes pälli bolmak ylmy çalt almaklyga kömekçidir. Ylym ynsanyň başyndaky altyn täçdir, ýöne öwrenilende men-menlige ýol berip, öz pikirlerimizi öňe sürüp, garşymyzdakyny diňlemezlik uly ýaňyşlykdyr. Ylym almak üçin başgalar tarapyndan yzygiderli bildirilýän bellikler, ýalňyşýandygyňy subut edýän deliller gerek. Mugallym ylmyň çeşmesi. Internet hem şeýle, ýöne ol ýalňyşlaryňy aýdyp, düzetmäge şert döredip bermeýär. Mugallym bolsa ylymyny okuwçynyň ýalňyşyna seredip, dogurlap berýär. Hereket we ýalňyşlyk bilim almagyň ýeketäk ýoly.
Ylym almakda her kim özüniň tejribesini paýlaşýar. Ýöne bularyň size dogry gelmezligi hem mümkin. Şonuň üçin ählisini tejribede synap, öz mümkinçilikleriňize laýyk gelýänini tapyp bilmeli.
- Ýatda saklamak.
Bilim alynan wagty kellämizdäki pikir täzelenýär. Şonda okaýan ýa-da özleşdirýän zadymyzy berkitmek üçin 30 sekuntdan az bolmadyk pauza gerek. Ylmy kitaplar arakesmesiz okalanda täze neýron baglanyşyklary hasyl bolmaýar. Maglumatlary analiz etmek üçin wagt zerur. Bu diýmek, öwrenilýän zat ýada (aňa) berkidilenok diýmegi aňladýar. Geçiji maglumat hökmünde gelip, hemişelige geçenok. Ýöne haçanda okap otyrkak pauza berip, pikirlenmäge başlananda yzygiderlilik emele gelip öňki bar bolan maglumatlar baýlaşyp, hemişelik ýa-da uzakmöhletleýin ýada (aňa) geçýär.
- Ylmy paýlaşmak.
Ylyma – zerurlyk gerek. Ony ulanyp boljak ýeri anyklamak möhüm. Maglumaty bilmegimiz oňa düşünendigimizi aňlatmaýar. Ýadymyzda galmagy üçin düşünmek gerek. Haçan biz düşünendigimize göz ýetirýäris? Haçanda aňlan zadymyzy 12 ýaşly çaga düşündirip biljek derejede mowzugy sadalaşdyranymyzda. Düşünen zadymyzy şol ylma mätäç adamlar bilen paýlaşmak örän peýdaly. Bilýän bilen bilmeýäniň tapawudy tejribede mysallar arkaly subut etmekde ýüze çykýar. Bilim berýän adam, bilim alýan adamdan hemişe üstünliklidir. Bölüşmek bilimi berkidýär.
Nuzgözel POTYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.