AŞGABAT ŞÄHERI «DIZAÝN» DÖREDIJILIK ULGAMY BOÝUNÇA ÝUNESCO-NYŇ ŞÄHERLERIŇ GLOBAL DÖREDIJILIK TORUNA GIRIZILDI

08-11-23

Türkmenistan hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherini «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek boýunça hödürnama taýýarlanyp, bu gurama hödürlendi.

Şoňa laýyklykda, ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azuleniň tassyklamagynda 31-nji oktýabrda bellenilen Bütindünýä şäherler gününde dünýäniň 55 şäheri ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizildi. Şol şäherileriň arasynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat hem bar.

Paýtagtymyz Aşgabat «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizildi.

Täze goşulan şäherler özüniň ösüş strategiýasynda medeniýeti we döredijiligi ulanmaga, adamlaryň has amatly şertlerde ýaşamagy üçin şäher meýilnamalaşdyrylyşynda innowasion çözgütlerden peýdalanmaga berk ygrarly bolup galdylar.

Soňky goşulan şäherler hem hasaba alnanda ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik torunyň düzüminde 100-den gowrak döwletde 350 şäher bar. Olar bu tora “Diýazn”, “Kino”, “Gastronomiýa”, “Edebiýat”, “Media sungaty”, “Aýdym” we “senetçilik we halk sungaty” ýaly ugurlar boýunça girizilýär.

Mälim bolşy ýaly, ÝUNESCO-nyň Şäherleriň döredijilik tory – bu 2004-nji ýylda döredilen özboluşly taslama bolup, ol medeni köpdürliligiň goraglylygyna we ilerledilmegine ýardam berilmegine, şonuň ýaly-da dünýäniň şäherleriniň durnukly we inklýuziw ösüşiniň ähmiýetli şerti hökmünde innowasiýalaryň we döredijilik aýratynlyklarynyň hemmeteraplaýyn ösdüdrilmegine ýardam bermeklige gönükdirilendir.

Hakberdi MEREDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy  fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.