3-NJI NOÝABR TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GÜNI
08-11-23
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda» Permana gol çekdi. Bellenilişi ýaly, resminamada Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi her ýylyň 3-nji noýabrynda belläp geçmelidigi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede, guramaçylykly bellenilip geçilmegini üpjün etmelidigi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamalydygy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermelidigi barada aýdylýar.
Baýramçylyk güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi. Şeýle-de döwlet Baştutany bu ýerde sanly ulgam arkaly beýleki täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegine hem-de düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi.
Balkan welaýatynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu ýerde guralan dabaralara gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, 3-nji noýabrda ýurduň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak wakalaryň bolandygyny belledi hem-de şoňa görä-de, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi her ýylyň 3-nji noýabrynda bellemegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Ýusup GARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.