SANLY BILIM ULGAMY — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

05-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlara hünär öwredilişini dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan bilim syýasatynyň we düýpli bilim özgertmeleriniň netijesinde milli bilim ulgamy güýçli depginler bilen ösdürilýär, ýaş nesle bilim-terbiýe bermek we hünär öwretmek işi barha kämilleşýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň iň döwrebap ugry sanly ulgam bolup durýar. Sanly ulgam ösüşiň giň mümkinçiliklerine eýe bolup, hünärmenler tarapyndan saýlanyp alynýar. Bu ugurda uly işleriň amala aşyrylandygyny hem bellemek gerek. Esasan hem kämil hünärmenler taýýarlanyp, işiň sazlaşykly ýola goýulmagy üpjün edilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň geljekde hem dowamly ösdüriljekdigini beýan edýär.

Ýaşlara bilim bermegi ylmy esasda guramak, okatmagyň häzirki zaman kämil usullaryny ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin halkara derejeli bilermenler bilen bäsleşmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, zehinli ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň döwrebap bilim almaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň miwesidir.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimediýa enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy hereket edýär. Bu bolsa, özgezeginde, işleriň göwnejaý guralmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna, islendik wagtda birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilik döredýär. Internet torunyň üsti bilen döredilen maglumat portallarynda her adam özüne gerekli maglumatlardan peýdalanyp bilýär. Her ýyl mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar halkara internet ýaryşlarynyň bir näçesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän ünsüň has-da ýokarlanýandygyna, sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Sanly bilimi ösdürmekde degişli ulgamda zähmet çekýän mugallymlaryň hem-de olardan bilim alýan ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň ýeterlik bolmagy zerurdyr. Hut şonuň üçin “Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” ähmiýetini, sanly ulgamy durmuşa geçirmegiň ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen, hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” dersi girizildi. Ýokary okuw mekdeplerinde sanly ykdysadyýet bilen bagly okuw derslerini okatmak üçin häzirki zaman multimediýa serişdeleriniň, okuw-görkezme esbaplarynyň, döwrebap abzallaşdyrylan okuw otaglary bilen üpjünçiliginiň ýeterlik derejede bolmagy, ýokary tizlikli internetiň hem-de sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşykda bolan teleköpriniň yzygiderli hereket etmegi, kafedralarda ýokary bilimi we baý tejribesi bolan ýokary derejeli mugallymlaryň sanynyň ýeterlik bolmagy, bu ugurda okuwlaryň ýokary derejede geçirilmegine doly mümkinçilik berýär.

Döwlet tarapyndan bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap işler ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklarynda, beden taýdan sagdyn, ahlak babatda arassa adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn orun tutýar.

Ähli ösüşleriň açarynyň ylymly-bilimli nesildedigini, ýagny adam güýjüni, aňyny ýerlikli peýdalanmakdygyny her ädimde görýäris. Dünýäniň ösen döwletleriniň ýeten sepgitleri bilen aýakdaş gitmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Rejepgül HAIDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy, dosent.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.