Ýaşlara ynam — geljege ynam
16-10-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalyp, olara uly ynam bildirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ynamyna eýe bolan ýaşlaryň ata Watanymyza mynasyp, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi üçin döredilen şertler bolsa her birimizi buýsandyrýar. Ýaş nesilleri Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar babatda ýaýbaňlandyrylýan aladalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň ugrunda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli, ynsanperwer we parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr.
Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda tutumly işleriň başyny başlady we ol işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmek üçin uly tagallalar edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan iri sport toplumlary, ilkinji nobatda, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giňden çekilmegini üpjün etmäge gönükdirilen işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilim we sport babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi-de hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatda ähli şertler, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine has ygrarly we ony wagyz ediji bolmak bilen, bu babatda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, şeýle-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi, Türkmenistanyň Mejlisinde ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň hem bolmagy ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridigini subut edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleriniň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň watançylyk, ýokary ahlaklylyk, parasatly halk däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmeginiň möhümdigini nygtamagynda uly many bar. Çünki merdana pederlerimiziň adamzat hakydasynda müdimilik orun alan ajaýyp öwüt-ündewleri ahlak kämilliginiň ýolunda ýaşlar üçin uly mekdepdir.Nesil terbiýesinde Milli Liderimiziň sargytlary, gymmatly kitaplary, öwüt-ündewleri mizemez ýol-ýörelgedir, ýaş nesle kämil bilim-terbiýe bermekde, olaryň Watana, il-halka bolan söýgüsini artdyrmakda gymmatly gollanmadyr. Olarda şu günüň iň wajyp meseleleri gozgalýar, geljek üçin örän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri, her sözi, edil dirilik suwy ýaly, milletimiziň hem döwletimiziň synmazlygyny, öňe gitmegini üpjün edýär
Biz — ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk bilim almagymyz, saýlap alan hünärimiz boýunça bilimlerimizi artdyrmagymyz, ylym we döredijilik işlerine höweslenmegimiz, giň dünýägaraýyşly bolmagymyz, özümizi kämilleşdirmegimiz, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagymyz üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigini duýup ýaşamak diýseň ýakymlydyr. Bagtly geljegi nazarlap amal edilýän şu ajaýyp işlerden ugur alyp, biz döwrümize mynasyp nesil bolmak üçin ýerlikli zähmet çekmek bilen, merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer, hoşniýetli ýörelgelerini hemişe dowam etdirmelidiris we milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza sarpa goýmalydyrys. Ýaş nesilleriň kämil geljegi ugrunda ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gözel AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Jemşit ÇÜRIÝEW.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.