Sagdyn ösüşe eýe bolmak
15-01-26
Her bir ynsanyň iň uly islegi sagdyn ýaşamakdyr. Soňky ýyllarda sagdyn durmuşy nädip üpjün edip boljakdygy we adam ömrüni nädip uzaltmalydygy barada köp gözleg işleri geçirildi. Şonda dogry iýmitlenmegiň, zyýanly iýmitlerden daşda durmagyň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygy ýüze çykaryldy.
- Ösüp barýan bedene ýokum, has-da mal ýokumy, şeýle-de aminoturşulyklar, kalsiý, kaliý we witaminler aýratyn-da gerek.
- Hoz uglerodlaryň siňmegini peseldýär we güýç berýär. Hozy kaşalara we witaminli işdäaçarlara goşuň. Hozy içine ownadyp geçiniň süýdini ýatmakdan öň içseň örän peýdaly.
- Towugyň ýumurtgalary hem energiýanyň derejesini beýikde saklamaga ýardam berýär. Bu arassa ýokum, şeýle-de olar B witamine baýdyr. Ýumurtga gaýnadylan görnüşide doly diýen ýaly bedene siňýär. Ertirlik wagty we agşam naharynda 2 ýumurtga iýiň.
- Sygyryň çylka etinde köp demir we sink bar, olar ösüp gelýän beden üçin zerurdyr.
- Şüle ýarmasy - kletçatkanyň we goşma uglerodlaryň iň baý çeşmesi bolup durýar. Ol süňk we myşsa dokumasynyň ösmegine ýardam berýär. Ol boýuň ösmegi üçin iň işjeň önüm bolup durýar. Bu kaşa kaliý, magniý, fosfor, hrom, železo, marganes, ýod, sink, kobalt, A,E,K, B toparynyň witaminlerine baýdyr. Oňa almanyň, bananyň bölejiklerini, azajyk ary balyny ýa-da hoz garyň.
- Köpräk süýt içiň, kalsiý süňk dokumasynyň döremegi üçin zerurdyr. Iň peýdalysy-bu urkaçy eşegiň üýdidir. Onuň ýekeje bir ýetmezçiligi-ony satyn almak kyndyr. Ikinji ýerde geçiniň süýdi durýar. Sygyryň süýdi hem peýda getirýär.
- Balykda fosfor köp, ol boýuň ösmegine we beýniň işlemegine ýardam berýär.
- Günde 6-8 stakan arassa suwdan we miwe suwundan içiň. Miwe soklaryndan pyrtykkal, käşir, pomidor, greýpfrut miwe suwyny içiň. Kofe, energetiki içgiler, ajy gar çaý köp möçberde içilse, ol boýuň ösmegini çäklendirýär.
- Güýzde we ýazda witaminleriň gowy hilli toplumyny içiň, iň gowysy lukman bilen maslahatlaşsaň, sebäbi bazarda galp zat köp. Nahary wagtly-wagtynda iýmeli, ertirlik sagdyn we möçberi boýunça ýeterlikli bolmaly.
- Duz köp iýmäň, gündelik möçberden geçseňiz, bu süňk dokumasyny tükketýär we kalsiýiň bedenden çykmagyny tizleşdirýär.
Kadaly iýmitlenmek — bu çäklendirmelere däl-de, dürli hili iýmitlere esaslanýan düzgünleriň bir görnüşidir. Dogry iýmitlenmek käbir iýmitlerden ýüz öwürmegi aňlatmaýar, ol iýmitlenmegi diňe beýleki, has sagdyn tagamlaryň peýdasyna çäklendirýär. Mysal üçin, bu ýagdaýda kömelek bilen gowrulan ýeralmany ýa-da kremli torty halaýan adam bu iýmitlerden doly ýüz öwürmeli bolmaz, ol diňe degişli iýmitleri iýmegini çäklendirer.
Kadaly, sagdyn iýmitlenmek fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden goraglylygy üpjün edýär. Her paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda iýmitlenmek bolsa sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm şertidir.
Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Orazbagt NURYLLAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.