KITAP – PAÝHAS UMMANY
05-11-25
Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: «Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünyä kitaba öwrülmek ücin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany». Kitaplar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky baglanyşygy saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary galdyrýar. Kitap - paýhasly sözden bina edilen köşk. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir.
Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes zatdygy öňe sürülýär. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň taryhy we medeniýeti barada köpsanly eserler ýazylyp, miras galdyrylypdyr. Elbetde, kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolupdyr. Kitap adamy terbiýeleýän, öňa dogry ýoly görkezýän ýakyn dosty, wepaly syrdaşy, özünde giden bir umman ýaly teselli beriji jümleleri jemläp saklaýan, ýörejek ýoluňy salgy berýän akyl hazynasydyr. Şol hazyna okyjynyň kalbynda diňe ýagşy zatlara bolan garaýşy oýarýar, ruhubelentlik döredýär. Adam näçe köp kitap okasa, onuň düşünjesi, dünýägaraýşy giňeýär. Onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehinini ýiteldiji güýç bar. Adam durmuşda elmydama täze zatlary öwrenmäge, bilmäge ymtylýar, täzelenişleriň, üýtgeşikligiň höwesinde ýaşaýar. Şonda kitap onuň okamaga, bilmäge, öwrenmäge teşne kalbyny gandyrýar.
Adam kitap okaýarka özüni düýbünden başgaça duýýar. Sebäbi ol bahasyz hazyna aralaşandygyny, öz içki dünýäsiniň hem baýlaşýandygyny aňlaýar. Uly höwes bilen okalýan kitaplar adama şeýle ajaýyp duýgulary bagyşlaýar. Adam öz beýnisiniň hyýal güýjüni ulanmak arkaly şol dünýä girip gidýär. Şeýlelikde, kitap bilen adamyň arasynda jebis dostluk döreýär. Alymlar kitap okamagyň garrylygyň öňüni alýandygyny, köp okaýan adamyň beýnisiniň işjeň ýagdaýda bolýandygyny, estetik pikirlenmäge itergi berýändigini nygtaýarlar. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar, akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Halkymyzda kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýulýar. Okalýan kitaplar bize durmuşyň kyn pursatlarynda baş alyp çykmagy, ömür ýoluňda pähim-paýhasa eýerip, diňe dogry ýoldan ýöremegi öwredýär. Şeýle kitaplar adamlaryň iň ýakyn we wepaly dostuna, ýankitabyna öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda şeýle maglumat berýär: «Birwagtlar Türkmenistanyň çäginde göçme kitaphanalar bilen birlikde Nusaý patyşalygynda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda, seýle hem Gadymy Merwde iri kitaphanalar hem bolupdyr. Kitap ýükli kerweni bolan kerwenbaşy hatyrjemligi elden bermändir. Çünki kitabyň bahasy altyn-kümüşden-de has ýokarda bolupdyr.» Gahryman Arkadagymyz kitabyň türkmen halky üçin gymmatyny beýan edip, «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda bolsa şeýle setirleri beýan edýär: «Biziň halkymyza ylma yhlaslylyk we kitaplara bolan söýgi mydama-da mahsus bolupdyr. Halk nesilden-nesle geçip gelýän kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr. Biziň ata-babalarymyz hatda iň bir çykgynsyz ýagdaýlarda hem kitaplary iň bir gymmatly zat hökmünde duşmanlardan gizläpdirler.»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplaryň her biri türkmeniň ruhy dünýasini özünde jemleýär. Kitaplaryň many-mazmuny, çeper pelsepewi pikirleri türkmen halkynda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem bu kitaplar amala aşyryljak ylmy açyşlaryň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kitaplary taryhymyza göz ýetirmegiň, düşünmegiň açarydyr, milli medeniýetmiziň, ylym-bilimiň baý hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly: «Kitap hemişe adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän baýlyk, durmuşyň aýnasy, taryhyň beýany, geljege ýolgörkeziji hasaplanypdyr».
Gahryman Arkadagymyz: «Köp okamak ömrüň manysyny artdyrýan endikdir. Baý maglumatlara eýe bolan adamyň dünýägaraýşy giňdir» diýip aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan durmuşyň ähli ugurlaryna degişli bolan ýeterlik maglumatlary almak bolýar. Eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, milli kitaphanalaryň işiniň kämilleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýşa ALAMOWA,
Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli redaktory.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.