Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy
11-09-24
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze-täze ösüşleriň, öňegidişlikleriň belent basgançaklaryna galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden goýan öňdengörüji, ynsanperwer syýasatyny döwrebap ösdürmegiň netijesinde, Arkadagly Serdarymyz eziz Diýarymyzy dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň birine öwürdi.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlyk geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzda hereket edýän edara-kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda, şeýle hem jemgyýetçilik dynç alyş merkezlerinde terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, ýygnaklar, söhbetdeşlikler, maslahatlar geçirilýär. Bu çäreler, bir tarapdan, köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýan ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga ýardam etse, beýleki tarapdan, herekete gatnaşýan adamyň öz jogapkärçiligine düşünmegine iterýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmeklige degişli işleri durmuşa geçirmekde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny kesgitleýän beýleki hukuk namalary möhüm kadalaşdyryjy binýat bolup hyzmat edýär. Bu Kanun döwletimiziň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň bagtyýarlyga beslenen ýollarynda howpsuz hereketi amala aşyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen uly aladalar edilýär, döwlet derejesinde oňyn mümkinçilikler döredilýär. Awtoulaglaryň bagtyýarlyga beslenen ýollar bilen arzuwlarymyzyň myradyna tarap göwnejaý hereket etmegi, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ilkinji nobatda, ulaglaryň tehniki taýdan gurat bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şol sebäpli, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan ulaglaryň tehniki taýdan gurat bolmagy aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Awtoulaglaryň sanynyň barha artmagy bilen, olaryň tehniki taýdan guratlygyny barlamak işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalar bilen işlemek zerurlygyny ýüze çykarýar. Ýurdumyzda ýeňil we ýük awtoulaglaryny, olaryň tirkegleriniň pasyllara görä derejesini tehniki barlagdan geçirmekde hemmetaraplaýyn enjamlar toplumy bilen üpjün edilen ýörite merkezler bar. Awtoulaglaryň tehniki taýdan anyklaýyş merkezleri indi diňe bir paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýa-da welaýat merkezlerde däl, eýsem, her bir welaýatyň şäherdir etraplarynda hem gurlup ulanylmaga berlip, olar halka hyzmat edýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak, ilkinji nobatda, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişlerine bagly. Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary sürmek, ýoly pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerinden kesip geçmek ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirip bilýän ýaramaz ýagdaýlardyr.
Ýol-ulag hadysasynyň we düzgün bozmalaryň öňüni almak maksady bilen, pyýadalaryň hem borçlary kesgitlenendir. Şolara laýyklykda, pyýadalar mümkin boldugyça awtoulaglaryň gatnaw böleginden peýdalanmaly däl, eger peýdalanaýsalar hem örän seresaply bolmaly. Hereket düzgünleşdirilýän ýerlerde pyýadalar düzgünleşdirijiniň ýa-da ýolyşygyň duýdurmalaryndan ugur almalydyrlar. Häzirki wagtda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan biraýlyk ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny, howpsuzlygyny goramaga gönükdirilendir.
Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollary, estakadalar, köprüler yzygiderli gurulýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýolyşyklaryň we beýleki degişli enjamlaryň bolmagy sürüjilere, pyýadalara hereket etmekde amatly şertleri döredýär.
Biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler guralyp, olaryň oňyn netijeleri berýändigi guwandyryjydyr.«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygar bilen ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Bibihajar HASANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyshana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.