Ýaş nesilleriň mertebe sapagy
13-09-23
1-nji sentýabyrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem–de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geşdi. Oňa ýurdumyzyň jemgiýetçilik guramalaryň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz talyp ýaşlary we okuwçylary ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän baýramçylyk hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady.
Çykyşynyň başynda Hormatly Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, halk Maslahatyň Başlygy, pedagog, professor, akademik hökmünde ýaş nesilleriň wekilleri bilen duşuşyp, Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada söhbet etmekçidigini aýtdy.
Milli Liderimiz “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda her bir ynsanyň bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli gymmatlyk bolan terbiýänyň on iki görnüşine ünsi çekdi.
Mähri ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.