Watançy nesilleriň buýsanç sapagy

13-09-23

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň  Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32  ýyllyk baýramyna buýsanç  bilen taýýarlyk görýän günlerimizde Arkadag şäheriniň Ruhyýet  köşgünde Bilimler we talyp güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren okuw sapagy ýurdumyzyň her bir raýaty  üçin merdana halkymyzyň geçen şähratly taryhy ýoluna, belent sepgitler  bilen dabaralýan şöhratly şu gününe, bahasyz gymmatlyklara eýe bolan ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň  öňündäki wezipe borçlaryna düşünmekde taýsyz mekdep boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň  bu umumy sapagy türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi, geljegini bir ýere jemlenýän, onuň many-mazmunyny açyp görkezýän, Ýer ýüzünde şanyna-şan goşýan ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny, asylly däplerini açyp görkezýän taryha we watançy nesilleriň aňyna hem kalbyna ýazyljak täsirli çykyş boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: “Mundan 32 ýyl  ozal – 1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz döredildi hem-de dünýä bilelişigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysatyýeti, kämil durmuş  ulgamy bolan, dünýä  bilelişiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrdyk” diýip belläp geçýär.

Maksat IŞANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.