Terbiýe mekdebiň nusgawy sapagy
13-09-23
Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz ak bagtyň hem bagtyýarlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleri, bagtyýar talyplary, mekdep okuwçylaryny bir ýere jemlän bu taryhy waka göwünlere nur çaýdy. Hormatly Arkadagymyz öz taryhy çykyşynda eziz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan işler, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler, halkymyzyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklarymyz, ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçdi.
Gagryman Arkadagymyz öz çykyşynda nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň, Magrupynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Şeýdaýynyň döredijiliginiň türkmen halky we tutuş adamzat üçin belli bahasy ýokdur, akyldar şahyrymyz dana Pyragy ata Watana, mähriban halka bolan buýsanjyny şahyrana setirleriň üsti bilen çeper beýan edipdir diýip belledi.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly ornunyň bardygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz ýaşlar syýasatynyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini öz çykyşynda nygtady. Çünki dana pederlerimiziň nusgalyk ýoluny, watansöýüjilik ruhuny, durmuş ýörelgelerini, milli däplerini, asylly häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän bagtyýar ýaşlar berkarar döwletimiziň ýagty ertiridir, nurana geljegidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy çykyşy ýatdan çykmajak möhüm waka hökmünde biziň kalbymyza çäksiz buýsanç paýlady, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin öňküden-de yhlasly zähmet çekmeklige ruhlandyrdy. Milli Liderimiziň gymmatly nesihatlary, döwletli maslahatlary, nusgalyk ömür ýoly biz üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebidir, ýolumyza şamçyragdyr.
Ýagşy AKMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.