Täze nesli kemala getirjek täze bilim ojagy
11-09-23
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, asylly däbe görä, täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.
Şanly waka mynasybetli guralýan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirjek, ösüp gelýän nesil baradaky hemmetaraplaýyn alada bu syýasatyň esasyny düzýär.
Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilendir.
Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilmegi munuň güwäsidir.
Häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 9 ugur we 29 hünär ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine okuw-gurluşyk, Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezleri girýär.
Ýokarda agzalan konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, institutda içki tor döredildi, onuň binýadynda sanly bilim portaly hereket edýär hem-de onuň mazmuny yzygiderli täzelenilýär. Ýokary okuw mekdebiniň okuw işine elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyryldy.
Mugallymlar we bilim işgärleri yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek bilen, mukaddes käriň abraýyny, ýurdumyzyň bilim kuwwatyny artdyrýarlar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Täze binalar toplumy hem mugallymlaryň we bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmäge hyzmat eder.
Saadat ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.