Döwrebap bilim ojagynyň ajaýyp geljegi
11-09-23
Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp bilim ojaklarynyň täze binalaryny dabaraly ýagdaýda ulanyşa bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen dünýä ülňülerinde gurlan orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň ençemesi açylyp ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz körpeleriň, mekdep okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň döwrebap bilim terbiýe almaklary üçin ähli şertleri döredip berýär.
Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Ylym we bilim biziň ýolumyzdyr” diýen ýörelgesinden ugur alnyp, milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär.
Hortmaly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda raýat goranyşy, himiýa senagatynyň howpsuzlygy kafedrasyny açmak, bu fakultetde 2023-2024 –nji ýyldan okuwa kabul edip başlamak bellenildi.”Orta hünär we ýokary hünär bilimli edralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgznnamasyna” üýtgemeler we goşmaçalar girizildi, ýokary okuw mekdeplerinde ylym bölümleri açyldy we olaryň gurluşygy kämilleşdirildi. Arkdag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hünärmen, magistr, bakalwr maksatnamalry boýunça täze hünärler açylyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlarymyz okuwa kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda hünär bilimi geriminiň barha giňelýändigini, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerimiziň ylym-bilim berijilik we hünär öwredijilik mümkinçilikleriniň ýokarlanýandygyny tassyklaýar.
Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň düýbi tutuldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 25-nji awgustynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyny gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu waka institutyň talyplaryny we mugallymlaryny begendirdi. Institutyň täze binasy häzirki zaman binagärligiň millilik bilen sazlaşygydyr bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Mähri KAKABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.