Ak bugdaýyň mekanydyr Watanym
27-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda uly ösüşler gazanylýar. Şolar bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem zähmet üstünlikleri gazanylýar. Gallaçylyk pudagyny ösdürmekde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik derejelere, belent sepgitlere ýetildi. Döwletimiziň özbaşdaklygyny alan ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Däne» hem-de «Täze oba» maksatnamalarynyň çäklerinde, suwarymly ýerleriň giňeldilmegi, tarp ýerleriň özleşdirilmegi, şeýle-de ulanyşdan galan ýerleriň täzeden ekin dolanyşygyna girizilmegi netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalygynyň galla ekilýän meýdanlary öz gerimini has-da giňeltdi. Netijede bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde, sözüň doly manysynda, azyk garaşsyzlygy üpjün edildi. Ata-babalarymyz: «Gallam bar — tyllam bar» diýipdirler. Şoňa görä, galla bolçulygy rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany hasaplanýar. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen oba hojalygynda hem amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler gowy netijeleri berýär. Şolaryň netijesinde merdana daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna bereketli topragymyzdan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri, türkmen topragyndan ýokary hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär.
Häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň özeni bolup durýar.
Türkmende uly iliň soltany bolan ak bugdaýyň bereketli tohumyny ekip, azyk bolçulygyny döretmek işi uly sogap hasaplanylýar. Hakykatdan-da, bu gün türkmen daýhanlary, ýer eýeleri aýratyn üns-alada bilen gurşalandyr. Oba zähmetkeşleriniň ene ýere yhlas siňdirip, bol-bereketli hasyl ýetişdirmegi üçin döwlet tarapyndan ähli goldaw-hemaýatlar berilýär, olar dökün, tehnika, tohum, suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Oba hojalyk işleri üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarydyr önüm öndürijilerinden ýurdumyza zerur bolan häzirki zaman tehnikalary, şol sanda däne ýygnaýan «John Deere», «CLAAS» kysymly kuwwatly kombaýnlar yzygiderli satyn alnyp, daýhanlaryň ygtyýaryna berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmegi hem-de medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertler döredilýär. Orak möwsüminde sungat ussatlarynyň zähmetkeşleriň arasynda guraýan medeni çäreleri ekerançylyk meýdanlaryny toý-şagalaňly mesgene öwürýär, gallaçylary joşgunly zähmete ruhlandyrýar.
Tutuşlygyna alanyňda, bularyň hemmesi ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek işini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berip, oba hojalygynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine giň ýollary açýar. Bu ulgamda asyrlarboýy toplanan tejribe oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň öňdebaryjy tehnologiýalary we häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen üstünlikli utgaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli çözgütleri esasynda gallany gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalardyr elewatorlar toplumlary gurulýar. Soňky sanlyja ýylyň içinde welaýatymyzyň etraplarynda hem dürli göwrümdäki elewatorlaryň gurlandygy hem bellärlikdir. Daýhan yhlasy bilen kemala getirilen bol bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamakda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen gurulýan döwrebap elewatorlar giň mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda galla saklaýan çelekleri, tohum arassalaýjy, bugdaý guradyjy, barlaghana bölümlerini, döwrebap terezileri, gallany ulaglara ýükleýän ýörite enjamlary öz içine alýan dürli göwrümdäki şeýle elewatorlaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bu babatdaky tagallalar ýurdumyzda öndürilýän guşgursak ak bugdaýyň möçberini artdyrmaga, bäsleşige ukyply, ýokary hilli çörek, unaş we çörek önümlerini öndürmäge we döwletimiziň azyk bolçulygyny has-da berkitmäge, şonuň bilen birlikde daşary ýurtlara eksport edilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga uly mümkinçilik berýär.
Türkmen topragyna atan her bir dänäň müň bolýar. Çünki ata-babalarymyz asyrlarboýy daýhançylyk bilen meşgullanyp, bu käriň inçe syrlaryny öwrenipdirler. Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy enjamlary, kämil tehnikalary bilen öndürijilikli zähmet çekmekde gujur-gaýratyny gaýgyrmaýan daýhanlarymyz bol hasyl almagy başarýarlar. Bol hasyl ýetişdirmekde daýhanlarymyz yhlas bilen zähmet çekýärler. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almakda ussat kärendeçilerimiz ýokary netijeleri görkezýärler. Babadaýhanlarymyzyň tutanýerli zähmetiniň netijesinde öndürilýän bol hasyl azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge mümkinçilik berer.
Bu gün ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini ylmyň gazanan häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek, sahawatly türkmen topragyndan bugdaýyň bol hasylyny öndürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler oba hojalygynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle tutumly işleriň sakasynda durmak bilen, daýhanlarymyzyň päk we halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, döwletli başlangyçlary has-da rowaç alsyn!
Perman SOPYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Halypa mugallymy Gurban MÖJEKOW.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.