SANLY YKDYSADYÝET WE SAZLAŞYKLY ÖZGERIŞ
16-12-25
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, maglumat-aragatnaşyk enjamlary yzygiderli ornaşdyrylýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrylýar. Döwrüň täze talaplary we mümkinçilikleri ýüze çykarýandygyny aýtmalydyrys, şeýlelik bilen, döwlet dolandyryş ulgamyny, tutuş jemgyýeti ösdürmek üçin binýatlyk esas hökmünde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak işi möhüm wezipe hökmünde öňe çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn işler alnyp barylýar
Ýurdumyz çalt depginler bilen ösýär, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde onuň orny barha ýokarlanýar. Şunda, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alynýar, milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzda milli bilimi barha kämilleşdirmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usuly binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.
Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda milli bilim ulgamynyň sanly düzümleri hem ösdürilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribeleri, täze bilimler, kompýuter we barlaghana enjamlarynyň okuw işinde giňden ulanylmagy, döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalary taýýarlamak esasynda, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly nesilleri kemala getirmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüşleri gazanmagynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksadyndan ugur alnyp kabul edildi.
Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzda giň gerimli aragatnaşyk ulgamy emele geldi. «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy bilen, ýokary tizlikli internet ulgamynyň işini üpjün etmekde, ýokary hilli sanly teleýaýlymlary görkezmekde, internet torunyň, öýjükli tele we radiogepleşikleriň köp şahaly ulgamynyň işledilmeginde onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.
Ýurdumyzda innowasion ösüşe esaslanyp, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, sanly maglumat gorunyň hemmeler üçin elýeterliligini gazanmak ugrunda göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Sanly intellektual tehnologiýalaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ählumumy sanly ykdysady ulgama sazlaşykly goşulyşmagyny gazanmak, halkara önümçilik halkasyna goşulan işewürligiň täze görnüşlerini ösdürmek, durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň ösüşini üpjün etmek, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, täze döwrebap iş orunlaryny döretmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bagly wezipeler çözülýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri işläp taýýarlamak bilen bagly işiň hukuk esasyny üpjün etmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmekde uly tagallalar edýär. Ýurdumyzda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnama hem ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň, olary döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ata Watanymyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly dabaralanmasydyr.
Ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Esenmyrat ANNAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyň uly mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.