Raýat awiasiýasynyň ilkinji türkmen uçarmany

20-12-21

Her bir ugurda zähmet çekip, öz saýlan hünärine ömrüni bagyşlan halypalar örän kän. Olar hakyndaky ýatlamalaryň halypa-şägirtlik ýolundaky terbiýe mekdebinde uly ähmiýet bar. Her bir pudakda,  her bir tutumly işde ilkinji bolanlaryň ady taryha ýazylýar. Hazar ýakasyndaky kiçeňräk Garşy şäherçesi diňe bir şypaly suwlary bilen meşhur däldir. Bu ýerde geçen asyryň başlarynda adaty balykçy maşgalasynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ilkinji uçarmany Anjan Amanow dünýä gelip, şu ýerde-de önüp-ösüpdir. Ol türkmenlerden ilkinji bolup uçara erk edip ony asmana galdyran merdanalaryň biri hasaplanylýar. Göräýmäge, kakasy balykçy, ýakyn garyndaşlary, goňşulary, dostlary ‒ hemmesiniň bagry deňiz bilen badaşan, şonuň üçin onuňam ykbalyna Hazar bilen baglanyşykly käri saýlap almak ýazylaýjak ýalydy. 

Türkmenbaşy şäherindäki internatda okuwyny tamamlandan soň, ony Daşkendiň mal lukmançylygy orta hünär okuw mekdebine okuwa iberenlerinde, garyndaşlary ol gaýdyp geleninden soň, barybir özleridir deňiz bilen boljakdygyna asla şübhelenmeýärdiler. Emma iki ýyldan soň Anjanyň täleýi duýdansyz öwrüm edýär. Daşkentde ony raýat awiasiýasynyň howa menzilleriniň ýolbaşçylaryny taýýarlaýan bir ýyllyk okuwyna geçirýärler. Şeýlelik bilen, bu ýigit deňzi däl-de, asman giňişligini saýlap tutýar.

Anjan Amanowyň gaýtadan okamagy we bilimini artdyrmagy üçin, Daşkentdäki okuwdan ony Russiýa Federasiýasynyň Saratow oblastynyň Balaşow şäherinde ýerleşýän uçarmanlary taýýarlaýan mekdebine iberýärler.

Okuwyny tamamlap gelenden soň Amjan Amanow Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynda uçarman bolup dýrli wezipelerde zähmet çekýär. Ol  G-2, PO-2, IL-14 ýaly uçarlara başrjaňlyk bilen erk edipdir.

Hormatly dynç alşa çyksa-da, A. Amanow raýat awiasiýasyny terk etmeýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli Aşgabat Halkara howa menzilinde dürli wezipelerde  tutanýerli zähmet çekýär.

1974-nji ýylda çap edilen Türkmen Sowet Ensiklodediýasyna ilkinji türkmen uçarmany hökmünde Anjan Amanowyň ady ýazyldy. Anjan Amanow ençeme hormat hatlary we ordendir-medallary, şol sanda “Hormatly işgär” ordeni bilen sylaglanyldy. Ilkinji türkmen uçarmany bolan Anjan Amanow barada gazetdir-žurnallarda ençeme makalalar ýazyldy we goşgy düzüldi.

Anjan Amanow Ýurdumyzyň Raýat awiasiýasynda zähmet çekýän birnäçe uçarmanlara halypaçylyk edip olaryň ussatlygyny, başarnyklygyny kämilleşdirmekde özüniň önjeýli goşandyny goşupdyp. Häzirki wagtda işläp ýören raýat awiasiýasynyň uçarmanlarynyň köpüsi ony özleriniň halypasy hasaplaýar.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň köçeleriniň biri ilkinji türkmen uçarmany Anjan Amanowyň hormatyna “Anjan Amanow koçesi” diýip atlandyryldy.

Şeýle ajaýyp hem ýakymly ýatlamalar halypalaryň ömrüni we işini bakylyga sary alyp gidýär, nesilden-nesle geçirýär. Halypalaryň geçen durmuş mekdebi bolsa ýaşlar üçin ygtybarly ýörelgedir.

Halypalaryň hyzmatyna sarpa goýýan, olaryň ýatlanmagyna we işleriniň şägirtleriniň üsti bilen dowam etdirilmegine döredýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýtmak bilen, milli Liderimiziň janynyň sag, alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Howa ulagynyň ulanylyşy” kafedrasynyň mugallymy.

Abuna tassyklaýyş kody: 32469

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.