Saz — ruhy iýmit
19-11-25
Saz diňlemek ynsanyň ruhuny göterýär. Alymlaryň ençeme geçiren barlaglarynyň netijesinden soňra, saz diňlemegiň ynsany fiziki we ruhy taýdan sagdynlaşdyrýar. Saz diňlemek uky bozulmalaryna, gaýgy, nerwi ulgamyna, beden we beýni rahatsyzlygyna oňaýly täsir edýär.
Geçirilen barlaglaryň netijesinde, saz diňlemek düwnük keseliniň agyrylaryna gowy täsirini ýetirýänligi anyklandy. Başga bir barlagda bolsa, ýaşy uly, gartaşan adamlara, beden näsazlygyndaky adamlara saz diňlemek bilen agyrlarynyň gowşaýandygyna göz ýetiripdirler.
Saz diňläp naharlanan adam artykmaç iýmitlenmeýär we iýýän tagamy has-da lezzetli bolýar. Bedene bolsa, az mukdarda kaloriýa barýandygy anyklandy. Eger-de bedeniňiziň agramyny peseltmek isleseňiz, naharlanan pursadyňyzda saz diňläp bilersiňiz. Saz diňlemek ukusyzlyga garşy ilkinji ýardamçydyr. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýatmazdan 45 minut öň klassiki sazlary diňleýän talyplaryň, sesli kitap diňleýänlerden has rahat uky alyp, ertirlerine işjeň ýagdaýda oýanýandyklary anyklandy.
Saz diňlemek we saz gurallary arkaly saz çalmak adamyň nerwi ulgamyny kadalaşdyrýar. Nerwi ulgamynyň işi bozulan ýagdaýynda, saz diňlenilse, adama rahatlyk bermek bilen birlikde, nerwi ulgamynda dörejek dürli keselleriniň hem öňüni alar. Ulag dolandyrýan pursadyňyzda aýdym diňlemegi däl-de saz diňlemegi saýlasaňyz, siz seresaply we has ünsli bolarsyňyz. Islendik adam ulagy dolandyran pursadynda, saz diňlese özüne bolan ynamy, ünslüligi artar.
Aýdym-saz gündelik durmuşyň tozanyny ruhdan aýyrýar.
Aýdym-saz terjime edilmeginiň zerurlygy ýok bolan ýeke-täk dünýä dilidir.
Berthold Auerbach
* * *
Meniň pikirimçe, aýdym-sazda iň möhüm zat hakykatdan gaçmak duýgusydyr.
Thom Yorke
* * *
Saz, paýhasdan we pelsepeden has ýokary ylhamdyr.
Bethoven
* * *
Söz we hereket, haçanda olary aýdym-saz ganatlaryna alanda gaty möhüm bolýar.
Anatoliý Wasiliýewiç Lunaçarskiý
* * *
Beden saglygy akyl saglygyndan gelýär. Dogry saz nerwleri köşeşdirip dynç almaga kömek edýär we munuň üsti bilen bolsa akyl rahatlygy çykýar.
Şri Ganapati
* * *
Saz dünýädäki iň beýik sungatdyr.
Aýdym-sazyň täsiri astynda aslynda duýmaýan zadymy duýýan, düşünmeýän zadymy düşünýän, edip bilmeýän zadymy edip bilýän ýaly duýýaryn ...
Lew Nikolaýewiç Tolstoý
* * *
Ajaýyp saz sungatyny söýüň we öwreniň. Size ýokary duýgularyň, hyjuwlaryň, pikirleriň tutuş dünýäsini açar. Ruhy taýdan baýlaşdyrar. Aýdym-sazyň kömegi bilen ozal özüňize näbelli täze güýçleri taparsyňyz. Durmuşy täze äheňlerde we reňklerde görersiňiz.
D. Şostakowiç
Enejan AMANGULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.