SYÝASY GATNAŞYKLARYŇ BERK BINÝADY

07-12-21

Bu günki gün Türkmenistan dünýädäki ähli halklaryň, bütin ynsanyýetiň guwanjyna öwrüldi, onuň abraý-mertebesi dünýä doldy. Bu zatlaryň ählisi mähriban Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň bütin dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny döwrebap ýola goýmaga hem-de ösdürmäge saldamly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär. Bütin adamzadyň agzybir, asuda ýaşamagy üçin şeýle tutumly işleriň durmuşa geçirilmeginiň esasynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ornuny ýene bir gezek bellemelidiris.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolan taryhy gününe ýakyn wagtda 26 ýyl dolýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde agza döwletleriň 185-siniň biragyzdan goldamagy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» barada Rezolýusiýa kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasy ikinji gezek kabul edildi.

Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji Bitarap döwlet diýlip ykrar edilen gününden bäri ýurdumyzda gazanylan üstünlikler sanardan juda köp. Milli Liderimiziň baştutanlygynda başy başlanýan her bir döwletli tutumlar dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Şonuň üçin hem her bir pursatda türkmeniň täze taryhyna täze sahypa ýazylýar. Bu babatda üstümizdäki «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan ýokary üstünlikleri, ynamly ädilen şowly ädimleri aýdanlarymyza subutnamadyr. Taryhy wakalara baý bolan ýylda dünýä we sebit ähmiýetli halkara forumlar we duşuşyklar geçirildi.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin sebitiň ähli döwletleriniň Prezidentleri ýurdumyza geldiler.

28-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Täjigistan Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkiýe Respublikasynda hem-de resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasynda boldy.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumyna, YHG-nyň 14-nji sammitine, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammitine, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy giňden bellenilýän ýylynda hem bütin dünýädäki abraýy has-da belende galýan Türkmenistan Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda bimöçber işler durmuşa geçirildi. Eziz Diýarymyzy belent ösüşlere alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Akmyrat ORAZHUMMIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Hormatly awtor, sizden "Türkmeniň ýüpek ýoly" gazetiniň elektron görnüşine abuna bolmagyňyzy haýyş edýäris.

169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.