BITARAPLYK ÝOLY — PARAHATÇYLYK ÝOLY
03-12-25
Üstümizdäki Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 30 ýyl dolýar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä ýüzünde agzybirligi pugtalandyrmaga, parahatçylygy berkitmäge, ynanyşmagy ösdürmäge ýokary derejede goşant goşýandygyny görkezýän giň gerimli işleri durmuşa geçirdi.
Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmak döwletimiziň oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bitaraplyk syýasaty meseleleriň döremeginiň öňüni almak we bu ugurda bilelikde hereket etmek, gepleşikleri geçirmek, döwletleriň arasynda ynanyşmak hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny berkitmek, parahatçylygy ýola goýmak ýaly işleri durmuşa geçirmek bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi göwnümizi galkyndyrýar.
Şol işleriň özeninde dünýä döwletleri, hormatly Prezidentimiziň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygynyň Ýer ýüzündäki ýurtlaryň her bir ýaşaýjysyna parahatçylyk hem bagt getirýändigine göz ýetirdiler. Şonuň üçin-de 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa iki gezek kabul edildi. Geljek ýylda hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler geçirilýär.
2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir ýola tassyklaýan waka boldy. Bu resminamada ýurdumyzyň geçen ýyllaryň dowamynda bu ugurda toplan tejribesiniň möhümdigi görkezilýär.
Şol ýyllaryň içinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda, netijeli gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde ähmiýetini äşgär etdi. Şonuň bilen birlikde, bu halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri eýerýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen ýokary bahadyr.
Döwletimiziň Garaşsyzlyk hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň aýratyn oňyn häsiýeti olardan gelip çykýan wezipeleriňdir maksatlaryň milli ýörelgelerimize laýyklygyndadyr. Bu günki gün halkymyzyň milli ýörelgelerine laýyk gelýän döwlet Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmaty dünýä ýüzünde ykrar edilýär.
Hemişelik Bitaraplyk türkmen döwletiniň kemala gelmeginiň hem-de kämilleşmeginiň müňýyllyklara uzaýan taryhy çeşmesiniň ajaýyp miwesidir. Ol türkmen halkynyň milli aýratynlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň bir ýere jemlenmesidir. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň milli ýörelgeleriniň we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ajaýyp sazlaşygy halkymyza parahatçylyk hem bagt getirijilik häsiýetine eýe bolýar.
Hemişelik Bitaraplyk syýasaty bütindünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine, üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýär. Şol maksatlar tutuş dünýäde parahatçylygy, durmuş rowaçlygyny hem-de ykdysady gülläp ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny belentliklere galdyran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şirin WELLANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.